Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BELENT RUHY ÝÖRELGELERIŇ DOWAMATLYLYGY – WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNYŇ BINÝADY

    2026-njy...

  • TÜRKMENISTAN – ABADANÇYLYGYŇ HEM ÖSÜŞIŇ MERKEZI

       ...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – ÝURDUMYZYŇ DÖWLET WE JEMGYÝETÇILIK-SYÝASY GURLUŞYNY KÄMILLEŞDIRMEKDE MÖHÜM ÄDIMDIR

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda «Ýörite geýimler» hususy kärhanasynda,  partiýa agzalarynyň gatnaşmaklarynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty – ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik-syýasy gurluşyny kämilleşdirmekde möhüm ädimdir» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilmeli Türkmenistanyň Halk maslahatynyň il-ýurt bähbitli ähmiýeti we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisiniň möhüm ähmiýeti barada çykyş etdiler.   

Şeýle-de duşuşyga gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza işlemek, asuda-parahat ýaşamak üçin döredip beren ähli mümkinçiliklerine öz hoşallygyny we sagbolsunlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

TSTP