Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan Mary welaýat saglygy dikeldiş okuw terbiýeçilik toplumynda «Hemişelik Bitaraplyk – hoşniýetli gatnaşyklaryň binýady» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde dünýä döwletleriniň tagallalaryny parahatçylyk döredijilik ugruna gönükdirmekde mynasyp orun eýeleýär. Türkmen döwleti sebitde syýasy durnuklylygy saklamakda we goldamakda, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmekde BMG-niň netijeli hyzmatdaşy we tarapdary hökmünde işjeň çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli daşary syýasy strategiýasy häzirki zaman şertlerinde has möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny anyk görkezýär. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we beýleki ýokary derejedäki maslahatlarda adamzat ösüşi üçin ähmiýetli halkara başlangyçlary yzygiderli öňe sürmek bilen bir hatarda, olary durmuşa geçirmegiň ýollary barada anyk çäreleri teklip edýär. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynda öňe süren başlangyçlaryna biziň döwletimiziň parahatçylyk, ynsanperwerlik, bähbitleriň özara sazlaşygy nukdaýnazaryndan gurulýan netijeli, köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge we pugtalandyrmaga taýýardygynyň ynandyryjy subutnamasy hökmünde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hemişe ýokary baha mynasyp bolýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde 185 döwlet «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň» Rezolýusiýasyny biragyzdan goldady. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa BMG tarapyndan ikinji gezek Kararnama kabul edilip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy täzeden tassyklandy. Bu Kararnama hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa ýugrulan öňdengörüjilikli syýasatynyň, öňe sürýän Bitaraplyk ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde dabaralanýandygyny alamatlandyrýar. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistan häzirki döwürde halkara guramalarynyň birnäçesiniň, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýlekileriň agzasydyr.
Goý, Diýarymyzy beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
TSTP