Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

YKDYSADYÝETIŇ ÖSÜŞINDE TELEKEÇILIGIŇ ORNY

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi tarapynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Hormatly Prezidentmiziň ykdysady özgertmeleriniň ähmiýetini we telekeçileri döwlet tarapyndan goldamak syýasatyny wagyz etmek şeýle-de ýaşlary telekeçilik işine çekmek maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady özgertmeleri, halk hojalyk toplumynyň işine bazar gurallarynyň hem-de ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösmegine itergi berdi. Ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply ýagdaý emele geldi, telekeçilik işjeňligi ýüze çykdy, telekeçiligi guramagyň hem-de hyzmatlary etmegiň häzirki zaman usullary kemala geldi. Döwletimiziň ykdysady ösüşiniň aýrylmaz düzüm bölegi bolan telekeçilik Türkmenistany demokratik hem-de durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýoly bilen has-da öňe ilerletmek üçin ägirt uly mümkinçiligi özünde jemleýär. Ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmagyň strategiýasy ähli pudaklara iň täze tehnologiýalary we öňdebaryjy dolandyryş usullaryny ornaşdyrmaga, bazar gatnaşyklaryna tapgyrma-tapgyr geçmäge, hususy telekeçiligi giňden goldamaga esaslanýar. Arkadagly Serdarymyz ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Bu ugurda zehinli ýaşlar, ýaş maşgalalar, ýaş alymlar, ýaş hünärmenler we telekeçiler döwletimiz tarapyndan aýratyn goldaw bilen gurşalýar. Ykdysadyýetiň häzirki zaman ösüş şertlerinde ýaşlaryň gujur-gaýratynyň telekeçilik işjeňligine gönükdirilmeginiň ähmiýeti ählumumy ykrar edilýär. Dünýäniň ykdysady taýdan ösýän islendik döwletiniň mysalynda alanyňda, telekeçilik esasy hereketlendiriji güýç hökmünde çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň telekeçiliginiň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenilmegi işewürlikde işjeň orny eýelemäge ukyply, erjel, döwrebap pikirlenýän telekeçileriň täze ýaş nesliniň kemala gelmegine, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion häsiýetde ösdürilmegine, ýurduň maýa goýum çekijiliginiň ýokarlanmagyna, täzeçil pikirlenmeleriň, döredijilikli oýlap-tapyşlaryň artmagyna mümkinçilik berýändigi bilen düşündirilýär diýip aýtdylar. 

Umuman, döwlet tarapyndan degerli goldaw tapýan senagatçylaryň we telekeçileriň köpüsiniň ýaşlar bolmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Sebäbi, Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň täze ýetişen ylymly-bilimli, giň gözýetimli, başarjaň we zehinli nesline uly bil baglaýar. Olaryň alyp barýan il bähbitli işleri tutuş ýurduň hereketlendiriji güýjüdir. Bagtyýarlyk döwrüniň täzeçil ykdysady gadamlaryna ýaşlaryň telekeçilik işjeňliginiň mynasyp goşant goşmagy döwletimiz tarapyndan döredilýän ähli mümkinçilikleri netijeli peýdalanmaklary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu bolsa ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçiliginiň, innowasion ykdysady ösüşiň binýadyny berkitmek bilen birlikde, ekologiýa kadalaryna laýyk gelýän haryt bolçulygyna, ýaşlaryň bazar gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna, innowasion başlangyçlar bilen çykyş etmeklerine, ýurdumyzyň haryt dolanyşygynyň ýokarlanmagyna giň mümkinçilikleri açýar diýip aýtdylar.

Goý, ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňelýän işewür telekeçilik bilen meşgullanýan ýaşlara giň ýol açýan we beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, başlary dik, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

TSTP