Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK – BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Golaýda...

  • WATANYMYZYŇ PARAHATÇYLYK DÖREDIJILIK KUWWATY ARTÝAR

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIGIŇ WE DOST-DOGANLYGYŇ MEKANY

    Arkadag...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – MÜDIMI ABADANÇYLYK

    Şu gün...

  • DOST-DOGANLYK - PARAHATÇYLYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

    Şu gün...

8-NJI MART — HALKARA ZENANLAR GÜNI

Şu gün Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda 8-nji mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi.  Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen aýal-gyzlarymyzyň bagtyýar ýaşamagy, işlemegi, dynç almagy, ýaş nesilleri döwrebap terbiýeläp ýetişdirmegi babatda döredilýän ajaýyp şert-mümkinçilikler üçin olaryň hoşallyklarynyň egsilmeýändigine şu günler geçirilýän dabaralardaky buýsançly çykyşlary diňläniňde aýdyň göz ýetirýärsiň. 

Zenanlaryň baýramynyň ýylyň iň gözel paslynda bellenilmegi ýöne ýere däldir. Sebäbi baharyň mylaýym howasy ene mährine meňzeş, zyba gelin-gyzlarymyz gül-güläleklere çalymdaş. Şol esasdanam, eziz gören zadyny mukaddeslik derejesine göterýän halkymyz baharda, zenanlarda, gül-güläleklerde biri-birinden aýrylmaz özara baglanyşygy görýär.

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan hem dürli kärlerde zähmet çekýän gyz-gelinleriň gatnaşmaklarynda aýdym-sazly dabaraly çäreler yzygiderli guralýar. Olarda gutlag çykyşlary bilen birlikde, zenan gözelligi, edep-ekramy, maşgala we nesil terbiýesi barada hem täsirli söhbet edilýär, iň gowy zatlar ündelýär.

Şeýle ajaýyp baýram bilen mährem ýürekli enelerimizi, gözelligiň, näzikligiň nusgasy, maşgala ojagynyň söýesi bolan gelinlerimizi, bahar bägülleri ýaly gyzlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Bizi bagtly günlere ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz halkymyz beýik maksatlaryna ýetip, döwletli Diýarymyz mundan beýlägem gülläp össün!

TSTP