Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK DIPLOMATIÝASY: HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAÝASYNDA ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝYNYŇ ARTMAGY

    Ýakynda...

  • PARAHATÇYLYK WE BITARAPLYK: GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ABRAÝY

    Ýakynda...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ WE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ SAÝLAP ALAN ÝOLY-BEÝIK GELEJEGIŇ KEPILI

    Türkmenistanyň...

  • ALABAÝ – TÜRKMENIŇ BUÝSANJY WE WEPALY DOSTY

       ...

  • Agzybirlik, parahatçylyk we ösüş –– Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ýörelgesi

       ...

DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Owadan ülke» hojalyk jemgyýetinde ýaş nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek, şeýle hem olaryň telekeçilige bolan höweslerini has-da artdyrmak maksady bilen ýurdumyzyň tanymal telekeçileri bilen «Görelde mekdebi – telekeçiň mesgeni» atly duşuşyk geçirildi.

Ýurdumyzyň ösüşlerini mundan beýläk-de artdyrmak ýaş nesillere ynanylýar. Türkmen ýaşlarymyz ýurdumyzyň syýasy durnuklylygyny, okgunly öňe gitmegini, ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagyna, ylymly, bilimli nesiller hökmünde kemala gelmegine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlary häzirki zaman hünärleri ösdürmek, telekeçilik işlerini boýunça  dürli okuwlaryň açylyp, hem-de hünär derejesini artdyrmakda mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde syýasy taýdan sowatly, beden we ruhy taýdan sagdyn, öz jogapkärçiligini duýýan, taryhyna we milli gymmatlyklaryna sarpa goýýan, zähmetsöýer, ýaramaz endikleri bolmadyk, hakyky watançy nesilleri terbiýelemek döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň birine öwrüldi. 

Beýik özgertmeleri, işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsyn aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

TSTP