Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BERKARAR DÖWLETIM, BUÝSANÇLY PARLAÝAR, ÝAŞYL BAÝDAGYM

    Şu gün...

  • HÜNÄRIM BAR-HORMATYM BAR

    Türkmenistanyň...

  • BEÝIK ÝEŇIŞ MIZEMEZ – GAHRYMANLAR BAKYDYR.

    Şu gün...

  • TÜRKMEN ZENANYNYŇ KEŞBI BELENT AHLAKLYLYGYŇ NUSGASY

    Ýakynda...

  • TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE DÖWLET BAÝDAGY – ÝURT GARAŞSYZLYGYNYŇ MUKADDES NYŞANLARY

    Golaýda...

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-MILLI JEBISLIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY

Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň mejlisler jaýynda  Arkadag şäheriniň häkimliginiň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bilelikde guramagynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty - milli jebisligiň aýdyň beýany” atly maslahat geçirildi.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda ak şäherimiz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm waka boldy. Mejlisde Garaşsyz, Bitarap döwletimizi ähli ugurlar boýunça durnukly ösdürmegiň, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda şu möhüm waka mynasybetli wagyz-nesihat çäreleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.

Maslahatda çykyş edenler golaýda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti dogrusynda durup geçdiler. Mejlisde garalan döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli meseleler, kabul edilen çözgütler hem-de ösüşli ýolumyzyň wajyp wezipeleriniň kesgitlenendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlaryň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP