Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň bilelikde gurnamagynda ýokary okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda talyplaryň arasynda “Beýik akyldaryň goşgulary ýaşlara ýol ýörelge” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga partiýanyň işjeň agzalary bilen bilelikde talyp ýaşlar gatnaşdy. Ýokary ruhubelentlikde geçirilen duşuşygyň barşynda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ideýa - çeperçilik taýdan kämildigi şeýle-de ýaşlara durmuş ýolunda ýol görkeziji bolýandygy barada gürrüň edildi. Akyldaryň şygyrlary ýatdan aýdylyp, onuň manysy düşündirildi. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan söz ussadynyň hormatyna dikilen ýadygärligiňdir “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň gurlandygy üçin hoşallyk sözleri çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.
TSTP