Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Gurban baýramy mynasybetli Arkadag şäheriniň bagtyýar maşgalasy bilen söhbetdeşlik geçirildi

18-nji iýunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäher komitetiniň gurnamagynda Gurban baýramy mynasybetli Arkadag şäheriniň bagtyýar maşgalasy bilen söhbetdeşlik geçirildi. Ösüşleriň täze belentliklerine barýan ýurdymyzda bagtyýar türkmen halky “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda gurban baýramyny uly şatlyk-şowhuna, ruhubelent dabaralara besläp belläp geçýär. Külli musulman halklary belen bilelikde biziň ýurdymyzda hem döwlet derejesinde bellenilýän mukaddes gurban baýramynyň baýramçylyk çäreleri Arkadag şäherinde giňden dabaralanýar. Arkadag şäher häkimliginiň, zenanlar we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet bölüminiň bilelikde gurnamaklygynda geçirilen çäreler hem gurban baýramyna bagyşlandy. Çäräniň geçiriljek ýerinde türkmeniň alty ganat ak öýleri dikildi, olaryň öňlerinde milli mirasymyzy, milliligimizi giňden açyp görkezýän köp öwüşginli sergiler ýaýbaňlandyryldy. Gelin-gyzlarymyzyň el işleriniň dürli görnüşleri, şaý-sepler, agaç we agaç önümleri sergilerde esasy orny eýeledi. Türkmeniň milli tagamlarynyň birnäçe görnüşleri taýýarlandy, bişmedir, palow, köje ýaly tagamlar gelen myhmanlara hödürlendi.  Arkadag şäher medeniýet bölüminiň  ýörüte gurban baýramy üçin taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna, folklor toparynyň sahna oýunlaryna uly orun berildi. Ýurdymyzyň bagşylary mähriban Diýarymyzyň bedew batly ösüşini, dünýä ýüzindäki at-abraýny, eşretli zamanamyzy, täze döwrümizi, päk zähmeti, mukaddess gurban baýramyny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň rowaç işlerini wasp etdiler.  Uzak wagtlap dowam eden baýramçylyk çäresi dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlap, olaryň ata Watana bolan buýsanjyny artdyrdy. Agzybirligi, jebisligi alamatlandyrýan gurban baýramynyň baýramçylyk şatlygy Arkadag şäheriň her bir maşgala ojagynda bellenilýär. Her bir maşgala ojaklarynda saçaklar giňden ýazylyp, dürli nazu-nygmatlar bilen bezelip, türkmeniň milli tagamlary taýýarlandy, gurbanlyk sadakalary berildi. Munuň öz bagtyýar halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, ýurdymyzyň asudalygyny alamatlandyrýar. Gurbanlyk sadakalaryňyz kabul bolsun.

TSTP