Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy

Sportuň her bir adamyň durmuşynda bolşy ýaly, tutuş jemgyýetiň durmuşynda-da eýeleýän orny örän uludyr. Sagdynlygy we sporty jemgyýetçilik gymmatlygyna öwren döwletimiz hem okgunly ösüşleri gazanýar. Şol bir wagtda sport işewürlikde üstünlige ýetmek üçin hem möhüm ähmiýete eýedir. Çünki sport we bedenterbiýe bilen meşgullanylanda, tertip-düzgünlilik, erklilik, tutanýerlilik, maksada okgunlylyk häsiýetleri kemala gelýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde eziz Diýarymyzda sport ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Döwrebap sport desgalarynda tälim alýan ýaşlarymyz dünýäniň dürli ýurtlaryndaky ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň sport abraýyny artdyrýarlar. Paýtagtymyz Aşgabatda halkara derejesindäki iri ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi bolsa jemgyýetimizde sport we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň has-da rowaçlanmagyna ýardam edýär. Ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty we beýleki iri halkara ýaryşlarynyň üstünlikli geçirilmegi-de şol hakykaty doly tassyklaýar. 

Iri ýaryşlaryň üstünlikli guralmagynda we çagalar-ýetginjekler sportunyň ösdürilmeginde işewür düzümleriň wekillerine hem möhüm orun degişlidir. Dünýä tejribesinden hem-de ýurdumyzda guralan iri sport baýramçylyklarda şaýat bolşumyz ýaly, hususy düzümleriň bu ugurdaky goldaw-hemaýatlary sportuň ösüşine-de, işewürligiň geriminiň giňemegine-de oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň goldawynyň netijesinde belent sepgitleri gazanýan ýurdumyzyň işewürleri çagalar-ýetginjekler sportunyň ýaryşlaryna hemaýatkär hökmünde gatnaşýarlar, türgenleriň halkara ýaryşlaryna taýýarlygyna ýardam edýärler.  

Bedenterbiýe we sport sagdyn jemgyýetiň binýadydyr. Sagdyn jemgyýet bolsa ýurduň ähli babatda, şol sanda ykdysady taýdan ösmegi üçin zerur şertleriň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň nusgalyk göreldesine eýerýän türkmen işewürleri hem sporty ýakyn hemra edinýärler. Hususy kärhanalarda zähmet çekýän ildeşlerimiziň arasynda sport ýaryşlary, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýän duşuşyklardyr maslahatlar yzygiderli guralýar. Şeýle çäreler işgärleriň zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna we ruhlarynyň belent bolmagyna ýardam edýär. 

Ýurdumyzyň gülläp ösmegi we halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Setdar SETDAROW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy