Täze ýylyň öňüsyrasynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabyny bütin halkymyza sowgat etmegi şeýle ýakymly, ýatdan çykmajak şanly wakalaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan bu eseri çuňňur many- mazmuna eýedir. Şöhratly ýylymyzyň şanly wakalaryndan söz açýan setirler bizi hiç wagt hakydalardan öçmejek şol taryhy pursatlara hemra edýär. Ýagşy ynam – ak ýollara badalga. Şonuň üçin-de, ynamlar birleşýär, ykrara eýe bolýar. Ynamlar birleşýär, uly güýç bolýar. Şol güýç bolsa synmaz derejä ýetip, dowamata ýol salýar. Diýmek, ýaşlara bildirilýän bu günki ynam dowamat-dowamymyza, ertirlerimiziň röwşenligine bildirilýän ynamdyr. Şundan ugur alyp, Türkmenistan döwletimizde ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegi, aň-paýhas, döredijilik, zehin mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmekleri, ýurdumyzyň jemgyýetçilik- syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin ähli amatly şertler döredilýär. Olaryň öňünde ähli gujur-gaýratyny, bilimlerini we başarnyklaryny ulanmak arkaly täze taryhy eýýamda-Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe başy başlanan ägirt uly özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, öňde goýlan wezipeleri netijeli çözmek bolup durýar. Şonuň üçin ýaşlarymyz Watanmyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen uzak möhletleýin maksatnamalary, geljegi uly taslamalary, meýilnamalary durmuşa geçirmek babatda maksada okgunly hereket edýärler, asylly hem-de beýik işlere mynasyp goşant goşmagy özlerine hem borç, hem buýsanç hasap edýärler. Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kitabynda: Ynsanyň abraý mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenilýär. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir diýip belleýär. Belent ynam bilen nygtalan bu çuňňur manyly jümleler nesillerimiziň merdana pederlerimiziň watansöýüjilik, mertlik, gaýduwsyzlyk, ruhubelentlik, zähmetsöýerlik ýaly ýol-ýörelgelerine eýerýän ýaşlar bolup ýetişmelidigini nygtaýar. Çünki watanymyzyň geljegini gurujylar bolan ýaşlary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ähli döwürlerde hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Ýaşlaryň döwlet derejesinde jemgyýetçilik wezipeleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmak, bu nesliň wekilleriniň ýurduň ösüş-özgertmelerini döwrebap derejede mynasyp dowam etdirmekleri üçin zerur şertleri ýola goýmak maksatlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurtda möhüm işleriň hatarynda kesgitlenilýär. Ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň ata-babalaryň asylly ýörelgeleri hem-de häzirki zaman jemgyýetçilik talaplaryna laýyklykda mynasyp durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň ähli babatda döwlet durmuşynda uly ornunyň bolmagynda aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, türkmen ýaşlarynyň giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmegi alnyp barylýan işleriň esasy maksady bolup durýar. Şol nukdaýnazardan , döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň häzirki döwürde we geljekde öňünde durýan wezipeler hökmünde hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklary, milli däp-dessurlary, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, watançylygy, raýat jogapkärçiligini, zähmetsöýerligi döredijilik ukyplaryny terbiýelemek, jemgyýetçilik birleşiklerine gatnaşmak, telekeçilik ugurlary bilen birlikde ýaşlaryň belent başlangyçlaryny höweslendirmek ýaly wezipeleri kesgitleýär. Bu bolsa öz gezeginde ýaş nesillerimizi täze ylym-bilim sepgitlerine, zähmet üstünliklerine ýetirýär, olaryň ýurduň ösüşine mynasyp goşantlaryny goşmagyna itergi berýär. Ajaýyp eseri okanyňda bu asylly işleriň beýik maksada gönükdirilendigine, ýagny ýurdumyzyň röwşen geljeginiň bähbidine, halkymyzyň mundan beýläk hem bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna amal edilýändigine akyl ýetirýärsiň. Kalbyňa dolan buýsanç, begenç duýgulary bolsa her bir okyjyny bu tutumly işlere şahsy goşant goşmaga ruhlandyrýar. Adamlaryň özara paýhasly aragatnaşykda bolmagy we jemgyýete peýdaly işe işjeň gatnaşmaklary, ýaşlarda asylly sypatlary döretmek hem-de ösdürmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli terbiýesiniň möhüm kadalary we ýörelgeleridir. Biz “Ýaşlar-Watanyň daýanjy”atly ajaýyp kitaby okanymyzda, yzygiderli ünsüň we goldawyň netijesinde, ýaş nesillerimiziň ýurdumyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynda öňdebaryjy orunlara barha ynamly çykýandygyna göz ýetirýäris. Ýaşlarymyzyň 2023-nji “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bilimde, ylymda, sportda, saglygy goraýyşda, oba hojalygynda, telekeçilikde we döwlet durmuşynyň beýleki ugurlarynda gazanan döwlet we halkara derejelerindäki üstünlikleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ýeri gelende, Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň adyna üns bermek aýratyn bir many-mazmuna eýe bolsa gerek: ”Ýaşlar-Watanyň daýanjy”. Watan ýaşlara daýanýar, öz ýagty geljegini, mundan beýläkki kuwwatly ösüşlerini şu günki nesillerde görýär. Şoňa görä-de, döwletimiz tarapyndan amala aşyrylýan bu işler, döredilýän mümkinçilikler her bir ýaş oglandyr gyzyň jemgyýetde öz ýoluny hem-de ornuny tapmagyna, beýik maksatlara tarap ädim ätmegine itergi berýär. Şeýle şertlerde ýaşlaryň okamak, öwrenmek, döretmek düşünjelerine pugta we, yzygiderli eýermegi olara asylly maksatlaryny hasyl etmekde üstünligiň belent derejelerine çykmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bagyşlanan şeýle gymmatly eseri ýazmagy ýaş nesliň wekilleriniň durmuşymyzda we jemgyýetimizde tutýan ornuna mynasyp baha berilýändigini görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly çuňňur many-mazmuna hem-de taryhy pursatlara baý ajaýyp eseri ýaş nesillerimiz üçin kämil ýol-ýörelge, nusgalyk gollanma diýip uly ynam bilen aýdyp bileris. Bu ajaýyp eser özümiziň, halkymyzyň, döwletimiziň bagtyýar geljegine bolan beýik ynamy has-da berkidýär. Goý, agzybir halkyny röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary has-da rowaçlansyn! Tuwakgylyç Weliýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Mejlisiniň deputaty.
Tuwakgylyç Weliýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Mejlisiniň deputaty.