Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanan sergi dowam edýär

17-18-nji mart­da Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­rasy­nyň ser­gi za­lyn­da Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leşme­si­niň dö­re­dil­me­gi­niň 13 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan ser­gi geçirildi.

Onuň açy­lyş da­ba­ra­sy­na bir­nä­çe mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak edara­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, Mej­li­siň we­kil­le­ri, hö­kü­met ag­za­la­ry, daşa­ry ýurt­la­ryň Türk­me­nis­tan­da akk­re­dit­le­nen il­çi­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, şeý­le hem köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy.

Da­ba­ra­nyň ba­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ser­gä gat­na­şy­jy­la­ra ýol­lan Gut­la­gy okal­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny Gut­la­gyn­da, hu­su­san-da, şeý­le ýüz­len­ýär:

 «Dür­li pu­dak­lar­da hu­su­sy pu­da­gyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den giňden peý­da­lan­mak, ra­ýat­la­ryň te­le­ke­çi­lik baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­damak bi­len ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi­ni hö­wes­len­di­re­ris. Şeý­le­lik­de, döw­le­te de­giş­li bol­ma­dyk pu­da­gyň je­mi içer­ki önü­min­dä­ki hä­zir­ki 70 gö­te­rim­lik pa­ýy­ny has-da art­dy­ra­rys».

Türk­men te­le­ke­çi­le­ri üçin ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe ýur­duň da­şa­ry ba­zar­da­ky or­nu­ny ber­kit­mek­dir. Im­por­tyň or­nu­ny tut­ýan önüm­leri ön­dür­mek, goş­ma­ça iş ýer­le­ri­ni dö­ret­mek, hyz­mat pu­da­gy­ny we elekt­ron söw­da­ny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len mak­sat­na­ma­la­ry durmu­şa ge­çir­mek üçin tä­ze kär­ha­na­la­ryň gu­rul­ma­gy we işe gi­ri­zil­megi mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar.

Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çiler bir­leş­me­si­niň dö­re­di­len gü­nü­ne ba­gyş­la­nan ser­gi­niň işe­wür­lik pu­da­gy­nyň ös­me­gi­ne tä­ze iter­gi ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Ser­gä kom­pa­ni­ýa­lar içer­ki za­wod­lar we kär­ha­na­lar ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­ýän köp san­ly sarp ediş ha­ryt­la­ry bi­len we­kil­çi­lik ed­ýär­ler.

Ser­gä 190 kom­pa­ni­ýa we aý­ry-aý­ry te­le­ke­çi­ler gat­na­şyp,tä­ze önümle­ri­ni we ma­ýa go­ýum ösüş­le­ri­ni gör­kez­ýär­ler. Im­por­tyň or­nu­ny tut­ýan we eks­por­ta gö­nük­di­ri­len önüm­le­riň önüm­çi­li­gi­niň gel­jegi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň döre­dil­me­gi­niň 13 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp ge­çi­ril­ýän ser­gi ýe­ne-de dört gün uzal­dyl­dy. Mil­li ba­har baý­ra­my — Now­ruz baý­ra­my my­na­sybet­li ge­çi­ril­jek da­ba­ra­la­ry na­za­ra alyp, ser­gi­niň gu­ra­ma­çy­la­ry çä­räniň möh­le­ti­ni 23-nji mar­ta çen­li uzalt­mak ka­ra­ry­na gel­di­ler.

Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­tyn­da do­wam ed­ýän ser­gi ýur­du­my­zyň se­na­gat pu­da­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni di­ňe bir gör­kez­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, uzak­möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­maga hem-de im­por­tyň or­nu­ny tut­ýan we eks­port ugur­ly önüm­le­riň önüm­çi­li­gi­ni art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.

Myratgeldi ANNAÖWEZOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary.