Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Belent sepgitleriň buýsanjy

Döwletli Diýarymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde halk hojalygynyň ähli ugurlarynda giň gerimli, toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şol özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk ulgamyny, ýagny telekeçiligi goldamak we ösdürmek döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly syýasaty netijesinde 2008-nji ýylyň 17-nji martynda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bu gün özlerine bildirilen belent ynama jogap edip, mynasyp işleri bitirmegi başarýarlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary netijeli ösdürmek üçin hemmetaraplaýyn şert-mümkinçilikler döredildi. Bular bolsa telekeçilerimizi has-da döredijilikli, öndürijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň içerki bazarlarda bolşy ýaly, daşary ýurt bazarlarynda hem uly isleglere eýe bolmagy diýseň guwandyryjydyr. Şol arzyly önümleriň, döwrebap harytlaryň içerki we daşarky bazarlarda hyrydarlarynyň köp bolmagy olaryň ýokary hil derejesi we ekologiýa howpsuzlygy bilen tapawutlanýanlygyndadyr. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen geçiren duşuşygynda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny we şu döwür üçin degişli çäreleriň meýilnamasyny tassyklady. Şeýle taryhy resminama hem milli ykdysadyýetimiziň telekeçilik pudagynyň dünýä möçberinde bäsleşige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna, Türkmenistanyň eksport mümkinçiliginiň artdyrylmagyna, azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Munuň özi eziz Watanymyzyň durmuş-ykdysady kuwwatynyň, mümkinçilikleriniň has belent sepgitlere ýetjekdiginiň aýdyň güwäsidir. Arkadag Prezidentimiz eziz Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň hususy pudagynyň wekillerine hemişe-de ýokary ynam bildirýär. Olar hem öz gezeginde Gahryman Arkadagymyzyň belent ynamyna jogap edip, beýik işler bilen dowam edýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny guwandyryjy üstünliklere, täze rowaçlyklara besleýärler. Bu bolsa berkarar Watanymyzyň durmuş-ykdysady özgertmeler ýolunda mynasyp orun tutýan, örän uly mümkinçilikleri özünde jemleýän bu ulgamyň ýeten derejesiniň, döwrebap ösüşleriniň aýdyň netijesidir. Munuň, hakykatdanam, şeýledigine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen güni mynasybetli ýylyň-ýylyna guralýan halkara serginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Çünki milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz pudagynda gazanylan netijeleri, ýetilen sepgitleri giňden şöhlelendirýän bu sergide türkmen işewürleriniň öndürýän ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleri mynasyp orun tapýar. Hawa, Arkadag Prezidentimiziň döwlet derejesinde telekeçilere berýän yzygiderli hemaýatdyr goldawlary netijesinde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününden bäri geçen on üç ýylyň dowamynda diýseň köp işler durmuşa geçirildi. Hususan-da, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi döretmekde hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Diýseň çalt depginler bilen ösýän, özgerýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri bolsa milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen birlikde, telekeçilik ulgamynyň hem bedew batly ösüşlere beslenýän döwrüne öwrüldi. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň altyn gaznasy hasaplanylýan telekeçilerimiziň asylly zähmetleri bilen paýtagtymyz Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hemme ugurlar babatda nusgalyk işler amala aşyryldy. Şeýle-de ýurdumyzyň milli telekeçilik pudagynda geçen ýyllarda önümçilik düzümleriniň, hususy kompaniýalaryňdyr kärhanalaryň innowasion işleriniň işjeň ösendigini aýratyn bellemek gerek. Uly dabaralara, şanly wakalara beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden bellenip geçilýän mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramyna hem agzybir telekeçilerimiz mynasyp zähmet sowgatlary bilen barýarlar. Olar daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary özümizde öndürmek, önüm öndürijiler tarapyndan öndürilýän azyk harytlarynyň dünýä bazarlarynda tutýan ornuny berkitmek boýunça hem toplumlaýyn işleri alyp barýarlar. Zähmetsöýer işewürlerimiz Gahryman Arkadagymyzyň telekeçilik işini ösdürmäge berýän taýsyz goldawlaryny hemişe duýmak bilen, milli Liderimiziň adyna egsilmez alkyş we hoşallyk sözlerini aýdýarlar. Goý, baky bagtyýarlygymyzyň sakasynda durýan, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Toýmämmet HAJYÝEW