Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Düzmergen ýaýlasyndaky ýyladyşhananyň berekedi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, maddy hal- ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda hem-de dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk toplumyny, aýratyn hem onuň köpugyrly gaýtadan işleýän pudagyny, eýeçiligiň dürli görnüşlerini, şol sanda hususyýetçiligi ösdürmäge düýpli maýa goýumlary goýulýar. Şeýle beýik işleriň ählisi hem Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy ösdürmegiň esasy özenine öwren “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesinden gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiziň mydama aýratyn nygtaýşy ýaly, berkarar Watanymyzy ählitaraplaýyn gülläp ösýän ýurda öwürmekde gazanylan guwandyryjy üstünliklere döwletli Diýarymyzyň zähmetsöýer telekeçileri hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Geçen ýylyň güýz paslynyň ahyrynda Balkanabat şäheriniň golaýynda ýokary hil ülňülerine laýyk gurlup, işe girizilen döwrebap ýyladyşhana hem Arkadag Prezidentimiziň şeýle giň möçberli toplumlaýyn aladalarynyň ajaýyp miweleriniň biridir. Täze 2021-nji ýylyň, “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň häzirki günlerinde bolsa bu döwrebap ýyladyşhanada ýetişdirilen bereketli pomidor hasyly ýygnalyp, içerki we daşarky bazarlaryň sarp edijilerine yzygiderli ugradylýar. Uly Balkan dagynyň degresindäki gurply toprakly Düzmergen ýaýlasynda bina edilen bu häzirki zaman ýyladyşhanasy Türkmenistnyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy Halmämmet Amanmämmedowa degişlidigini aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe il-ulsumyzyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy, raýatlarymyzyň öz topragymyzda ýetişdirilýän dürli gök önümler bilen ýylyň tutuş dowamynda ygtybarly üpjün edilmegi, şunda hususy pudagyň ägirt uly mümkinçlikleriniň netijeli peýdalanmagy babatda Gahryman Arkadagymyzyň edýän uly aladalaryna mynasyp goşant gaşmak bu ýyladyşhananyň eýesi bolan işjanly telekeçiniň baş maksady bolup durýar. Ýyladyşhananyň önümçilik mümkinçilikleri bagtyýarlyk döwrümizde hususy pudagyň ösüşlere eýe bolýandygyny ýene bir gezek ähli aýdyňlygy bilen görkezýär. Sebäbi Türkiýede, Gollandiýada öndürilen ösen enjamlar bilen birkemsiz üpjün edilen ýyladyşhanada ähli işler kuwwatly tehnologiýalara, netijeli işläp taýýarlamalara hem-de kämil kompýuterlere daýanýar. Munuň özi ýyladyşhananyň ýylylyk, çyglylyk, suwaryş ulgamlarynyň işlerini talabalaýyk ýola goýmakda hem möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen, ekerançylyk maýdany 4 gekdara, umumy tutýan meýdany bolsa 5 gekdara barabar bolan ýyladyşhana täze iş orunlarynyň birbada altmyşa golaýyny döretmäge mümkinçilik berdi. Bu ýyladyşhanada agrotehniki talaplara laýyk ýetişýän pomidorlary ýygnamak işi “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan şu ýylyň iýun aýynyň ortalaryna çenli dowam eder. Şeýlelikde, ýyladyşhanadan tutuş möwsümiň dowamynda alynjak pomidor hasylynyň umumy möçberi bir müň tonna barabar bolar. Bu bolsa şu ýerdäki pomidor düýpleriniň her birinden möwsümiň dowamynda alynjak hasylyň 7 kilogramdan 17 kilograma çenli boljakdygyny tassyklaýar. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde ýetişdirilýän pomidorlar mineral dökünler goşulyp baýlaşdyrylan suw bilen suwarylýar. Syzylyp çykýan artykmaç suw bolsa ýörite akarjyklaryň kömegi bilen bir ýere toplanyp, tejribeli telekeçiniň ýyladyşhananyň golaýyndaky bäş gekdar meýdanda kemala getiren 5 müň 500 düýp dürli miweli agaçlaryny suwarmakda netijeli ulanylýar. Bu çäräniň miweli agaçlaryň hasyllygyny ýokarladyrmaga hem oňyn mümkinçilik berýändigini ylmy tejribeler tassyklaýar. Şeýle-de alyp barýan işlerine döredijilikli çemeleşýän ezber telekeçi geljekde ýyladyşhanada ýetişdirýän gök önümleriniň görnüşlerini köpeltmegi hem-de olardan alynýan önümler üçin gaýtadan işleýän önümçiligi ýola goýmagy maksat edinýär. Ýyladyşhanada ýokary hil ülňülerine laýyklykda ekologiýa taýdan arassa ýetişdirilýän pomidor hasylyna diňe bir içerki bazarlarymyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem uly isleg bildirilýär. Muňa ussat telekeçiniň bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýan pomidorlarynyň Russiýa Federasiýasyna ugradylyp başlanmagam doly şaýatlyk edýär. “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda buýsançly gadam urýan halkymyzyň toý saçaklarynyň rysgal-bereketli bolmagyna mynasyp goşant goşmagy başarýan ussat telekeçiniň döwrebap ýyladyşhanasynda şu günler hasyl ýygnamak işleri guramaçylykly dowam edýär. Biziň welaýat komitetimiziň agzalary bolsa bu ýerde bolup, ýerli telekeçileriň arasynda wagyz-ündew işlerini yzygiderli alyp barýar. Şeýle işlerde hem şu ýyl uludan belleniljek mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramy hem-de onuň dünýä ýüzüne ýaň salýan taryhy ähmiýeti hakynda aýratyn durup geçýäris. Ýyladyşhananyň agzybir hünärmenleri hem öz gezeginde arassa, halal zähmet çekip, bol hasyl almaga we kärhananyň önümçilik kuwwatlylygyny artdyrmaga döredip berýän giň şertleridir mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş we hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

Baýmyrat Tuwakow