«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli geçirilen türkmen telekeçileriniň önümleriniň sergisi hem-de birleşmäniň maslahaty ýurdumyzyň döwlete dahylsyz ulgamynyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän ornunyň barha artýandygyny ýenede bir gezek subut etdi. Sergide türkmen işewürleriniň ösen tehnologiýalar esasynda öndüren ýokary hilli, eksport ugurly önümleri görkezildi. Täze taslamalary, innowasion teklipleri, toplan baý tejribeleri öwrenildi. Sergizalyna ornaşdyrylan monitorlaryň giň ekranlarynda türkmen telekeçilerin iň ýeňişli ýollary, ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda gazanan oňyn netijeleri, ýeten sepgitleri şöhlelen dirildi. Bu gezekki serginiň esasy aýratynlygy onuň köpdürlüligi boldy. Türkmen işewürleriniň oba hojalygynda, senagatda, gurluşykda, söwdada, IT tehnologiýalarda, bilimde, syýahatçylykda, ulag we logistikada , hyzmatlar ulgamynda, senetçilikde, dokma pudagynda we beýleki ugurlarda gazananlary sergi zalynyň diwarlyklarynyň 200-e golaýyny eýeledi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary syýahatçylyk bazarynda hem uly üstünlikleri gazanýarlar. Türkmen telekeçileriniň sergisine syýahatçylyk kärhanalarynyň köp sanlysynyň gatnaşandygyny bellemek bolar. Nobatdaky gözden geçirilişe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň garamagynda täze döredilen «Rowaçsyýahat» syýahatçylyk kärhanasy bilen birlikde ýurdumyzda köp ýyllardan bäri hereket edip gelýän onlarça syýahatçylyk kärhanalary gatnaşyp,ildeşlerimize öz mümkinçiliklerini hödürlediler.Sergä gatnaşanlar syýahatçylyk kärhanalary tarapyndan taýýarlanylan wideoşekilli ýazgylaryň, köpsanly gollanmalaryň üsti bilen taryhy ýerlere, gadymy ýadygärliklere, ösümlikler we haýwanat dünýäsine baý türkmen topragynyň şöhratly taryhy we bagtyýarlyk döwrümizdäki ösüş özgerişleri bilen tanyşdylar.
Beýik Ýüpek ýoly geçen gadymy türk men topragynyň ähli döwürdede dünýä syýahatçylarynyňwejahankeşdeleriniňün süniözüneçekendigibaradataryhymag lumatlardaaýdylýar.Halkymyzyňarasynda ýaýran: «Gezmek—ömürden», «Gezsem, dünýäni görsem» ýaly ajaýyp pähimlerden, Magtymguly atamyzyň: «Keşt edeliň bu jahana, jahanda näler görner» diýen goşgy setirlerindengörnüşi ýaly, pederlerimiz dünýäni aýlanmaga höwesli bolupdyrlar. Çünki dünýäni görmegiň,dünýä ýurtlaryna syýahat etmegiň özboluşly lezzeti bar. Ýurdumyzyň hususy pudagynda hereket edýän syýahatçylyk kärhanalary pederlerimiziň bu asylly ýörelgesini dowam etdirýärler. Olar dünýä jahankeşdeleriniň ata Watanymyza syýahat etmeginde, ildeşlerimiziň bolsa dünýä ýurtlaryna aýlanmagynda ýokary derejedäki hyzmatlary ýola goýýarlar. «Owadan syýahat», «Atlas» «Durdyny ýaz», «Aýan», «Dag syýahat», «Halkara dostluk»,«Oguzabat»,«Güneşlisyýahat» ýaly onlarça syýahatçylyk kärhanalarynyň bu ugurda alyp barýan işleri buýsandyrýar. Hususy pudakda 20 ýyldan gowrak wagt bäri hereket edýän «Owadansyýahat» syýahatçylyk kärhanasynda ýörite muzeý döredilip, onda ýurdumyzyň geçmiş taryhyna bagyşlanan eksponatlar, gözel tebigatyň, gadymy ýadygärlikleriň suratlary, hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserleri goýlupdyr. Buhususy kärhananyň üsti bilen, syýahata gelýän daşary ýurtly jahan keşdeleriň ýurdumyz bilen ilkinji tanyşlygy hem şol taryhy muzeýden başlanýar.
Türkmen topragy dünýä syýahatçylarynyň ünsüni çekýän ajaýyp mekan. Häzirki döwürde Garaşsyz ýurdumyz diňe bir taryhy ýadygärlikleri, keramatly ýerleri, gadymy kerwensaraýdyr daş saraýlary, şeýlede gözel tebigaty we baý haýwanat dünýäsi bilen göreni haýran etmän, eýsem deňsiz taýsyz ösüş özgerişleri, ýeten belent sepgitleri bilen hem dünýä tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ak mermerden ak şähere öwrülen gözel paýtagtymyzda,syýahatçylygyň dürdänesine öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýä jahan keşdelerini haýrana goýýan ajaýyp ýerler näçe diýseň bar. Syýahatçylar diňe bir gadymy Merwiň, Goňurdepäniň, Köneürgenjiň, Dehistanyň gadymy ýadygärlikleri, Garagumuň gözellikleri,Köpetdagyň owadan jülgeleri, Köýtendagyň täsinlikleri bilen tanyşman,eýsem «Garagumuňýalkymyna» hem uly höwes bilen tomaşa etmäge mümkinçilik tapýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň bazar gatnaşyklarynyň esasynda ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek maksady bilen gol çeken Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäherindäki hemde ýurdumyzyň welaýatlaryndaky syýahatçylyk kärhanalarynyň bellenilen tertipde hususylaşdyrylmagy, olaryň işini ulgamlaýyn dolandyrmak üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň garamagynda «Rowaçsyýahat» syýahatçylyk kärhanasynyň döredilmegi bu ugurdan alnyp barylýan işleriň geriminiň hasda giňelmegine, netijeliliginiň artmagyna getirdi.
Ýurdumyzyň hususy pudagynyň hemme taraplaýyn ösdürilmegine goldaw hemaýat berýän hormatly Prezidentimiz syýahatçylyk ulgamyny mundan beýläkde ösdürmek, bu pudakda kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek, daşary ýurtly syýahatçylaryň has köp sanly syny çekmek üçin zerur şertleri döredip berýär. Bu ugry ösdürmekde,ýurdumyzyň baý syýahatçylyk kuwwatyndan has doly peýdalanmak bilen iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmakda türkmen telekeçileriniň giň mümkinçilikleri bar. Şol mümkinçiliklerden giňden peýdalanmak bilen, türkmen işewürleri syýahatçylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak, syýahatçylygy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň has girdejili pudaklarynyň birine öwürmek ugrunda geljekdede yhlasly işläp, bu ýylda uludan bellenilýän hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýuny uly zähmet üstünliklerine beslärler.
Halkymyza şeýle ajaýyp zamanany bagyş edip,ýurdumyzy dünýä syýahatçylarynyň arzyly mekanyna öwren, raýatlarymyzyň jahany keşt etmegine ähli şertleri döredýän Gahryman Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty. - S.Owganow