Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Telekeçilige giň ýol açýan kanunçylyk binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň berýän goldawlary, döredýän mümkinçilikleri, edýän aladalary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda jemgyýet we döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynyň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegi, kanunçylygyň kämilleşdirilmegi hem-de döwrebaplaşdyrylmagy babatda uly işler alnyp barylýar. Bu işleriň hemmesi döwletimiziň ykdysady ösüşinde bazar gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna, ykdysadyýetiň ösüş depginleriniň goldanylmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň maliýe syýasatynyň kämilleşmegine hem-de milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň işleriniň sazlaşdyrylmagyna gönükdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça tabşyryklary we gymmatly maslahatlary esasynda, şeýle hem ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleri kanun taýdan berkitmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Bu Kanun ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösmegine öz täsirini ýetirjek häzirki zaman önümçilik we telekeçilik infrastrukturasyny emele getirer hem-de ykdysadyýetiň hususy bölegini ösdürmäge oňyn şertleri döreder. Sarp edijileriň hukuklaryny gorap, ösýän bazar gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna ýardam eder. Harytlaryň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrar.

Milli ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösmegi- ne öz täsirini ýetirjek häzirki zaman önümçilik we telekeçilik infrastrukturalaryny emele getirmek, telekeçileri döwlet tarapyndan goldamak boýunça çäreleriň gerimini has-da giňeltmek, telekeçileriň bäsleşige ukyplylygyny ösdürmek, ykdysadyýetiň hususy bölegini döwrebaplaşdyrmak we innowasiýalary höweslendirmek boýunça alnyp barylýan işlerden ugur almak bilen, şeýle hem degişli sertifikatlaryň we rugsatnamalaryň alynýandygyny göz öňünde tutup, amala aşyrmak üçin ygtyýarnamalar talap edilýän işiň görnüşleriniň sanawy has anyk we diňe zerur bolan iş görnüşlerini goşmak bilen şu kanunçylyk namada beýan edildi.

«Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzda ygtyýarlandyrmak işi amala aşyrylanda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmekde we ýeňilleşdirmekde, ýurdumyzyň ykdysadyýetine bazar gatnaşyklaryny üstünlikli ornaşdyrmakda, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň görnüşleriniň gerimini giňeltmekde we olaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda hem-de hususy telekeçiligi höweslendirmek we goldamak boýunça oňyn şertleri üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolar. Watanymyzyň kanunçylyk binýadyny berkden tutýan Arkadag Prezidentimiziň belent başy aman, jany sag, ömri uzak bolsun! Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzy hem dünýäni özgerdýän il-ýurt, umumadamzat bähbitli işlerinde geljekde hem rowaçlyklary arzuw edýäris!
 


 

Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasynyň Daşoguz walaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty. - Myratgeldi Goçmedow