Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

  • TÜRKMENISTAN - BITARAPLYGYŇ, ASUDALYGYŇ, PARAHATÇYLYGYŇ MEKANY

    Demokratik,...

  • ARKADAG ŞÄHERI – YKDYSADY KUWWATYŇ AÝDYŇ GÖRKEZIJISI

    Berkarar...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ NUSGALYK ÝOLY

    Berkarar...

  • TÜRKMEN BITARAPLYGY WE PARAHATÇYLYK FILOSOFIÝASY

    «Pä...

  • TÜRKMEN BITARAPLYGY BU GÜN DÜNÝÄNIŇ ÜNS MERKEZINDE

    Berkarar...

  • Далее

Ösüşli menziller rowaçlanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede ösýär we özgerýär. Döwlet Baştutanymyzyň beýik başlangyçlaryndan gözbaş alyp üstünlikli durmuşa geçirilen giň möçberli düýpli özgertmeler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna giň ýol açýar. Öz döwletimizde öndürilýän bäsleşige ukyply önümleriň we harytlaryň öndürilmegine amatly şertler we mümkinçilikler döredildi. Ýeri gelende aýtsak, telekeçilerimiziň şeýle mümkinçiliklerden has netijeli peýdalanmakda uly tagallalary edýändikleri bellärliklidir. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek bilen badalga berýän tutumly işleri Garaşsyz döwletimizde azyk bolçulygyny döretmekde iňňän uly ähmiýete eýe bolýar. Bu babatda welaýatymyzyň telekeçileriniň bitirýän işlerem ýatlarlyklydyr. Häzirki wagtda welaýatymyzda hususy kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň, daýhan hojalyklarynyň onlarçasy hereket edýär. Olaryň bir bölegi gurluşyk-gurnama işlerini alyp barýan bolsa, ýene bir bölegi önümleri we harytlary öndürmek bilen önümleriň we harytlaryň bolçulygyny döretmeklige saldamly goşantlaryny goşýarlar. Ilata hyzmatlaryň we işleriň dürli görnüşlerini edip bermekde adygan telekeçileriň sany ýylsaýyn artýar. Hususy işlerini açyp, telekeçilik bilen meşgullanýan raýatlaryňam il-gün bähbitli tagallalary üstünliklere beslenýär.

Milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk çygrynyň — hususyýetçiligiň ösdürilmegi azyk bolçulygynyň döredilmegine güýçli itergi berýär. Mundan başga-da, Arkadag Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, hususyýetçilerimiz daşary döwletlerden getirilýän önümleriň we harytlaryň ornuny tutýan, bäsleşige ukyply, ýokary hilli önümleri we harytlary öndürmekde uly işleri bitirýärler. Şu ugurda welaýatymyzyň işewürleriniň bitirilýän işleri guwanç duýgusyny döredýär. Şu iňňän wajyp meseläniň oňyn çözgüdini gazanmakda welaýatymyzyň zähmetsöýer telekeçileriniň gözlegli tagallalary ýerine düşýär. Il-gün bähbitli işleri alyp barýan telekeçilere döwlet tarapyndan goldawyň berilmegini Gahryman Prezidentimiz hemişe üns merkezinde saklap, möhüm wezipeleri öňde goýýar. “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyò Kanunynyň kabul edilmegi bilen hususyýetçiligiň döwlet tarapyndan goldanmagynyň kanunçylygy kämilleşdirildi. Önüm öndürmegi, oba hojalyk önümlerini ýetişdirmegi maksat edinýän hususyýetçilere ýeňillikli şertlerde karzlaryň berilmegi azyk we halkyň köp sarp edýän harytlaryny öndürýän telekeçileriň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Telekeçilik dogrusynda söz açyp, ýene bir guwançly meselänem ýatlamalydyrys. Has takygy, soňky wagtlarda türkmen telekeçileri özleriniň bäsleşige ukyply önümleridir harytlary bilen daşary bazarlara has ynamly çykyp başladylar. “Türkmenistanda öndürildi” diýen ýazgy bilen daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň we harytlaryň görnüşleriniň we mukdarynyň ýylsaýyn artýandygyna guwanmaga haklydyrys. şeýle ezber telekeçileriň arasynda daşary ýurtlara gurluşyk harytlaryny, azyk önümlerini eksport edýänleri bar. Munuň özi türkmen işewürleriniň gözlegli we ýadawsyz aladalarynyň datly miwesini berýändigine şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe telekeçiligiň ösdürilmegi milli ykdysadyýetimizde täze öndüriji güýjüň peýda bolmagyna we ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna ýol açdy. Täze-täze iş orunlary döredildi ilatyň iş bilen üpjünçiliginde möhüm ädim ädildi we ädilýär. Şeýlelikde, Garaşsyz döwletimiziň halk hojalygynda hususyýetçilik çygrynyň tutýan ornunyň günsaýyn artýandygy guwandyrýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary telekeçileriň arasynda düşündiriş işlerini yzygiderli geçirýärler. Arkadag Prezidentimiziň kabul edýän Maksatnamalaryndan, Kararlaryndan gelip çykýan wezipeleri düşündirmekde uly tagallalary edýärler. Şeýle aladalarymyz Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda-da üstünliklere beslenýär. Şu günler bolsa welaýatymyzyň telekeçileri Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň baýramyny mynasyp sowgatly garşylamagy maksat edinýärler. 


 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary. - Myratgeldi Annaöwezow