«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyzda durmuş-ykdysady ösüşiň ilerlemeginde hususy pudagyň ähmiýeti ýylsaýyn artýar. Häzirki döwürde türkmen işewürleri söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, harytlaryň täze görnüşlerini öndürmäge, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga uly goşant goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzyň telekeçileri has-da ýokary öndürijilikli işleýärler. Olaryň şu günki üstünlikleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalaryndan gözbaş alýar.
Ykdysadyýeti ösdürmegiň döwlet maksatnamalary hojalygy ýöretmegiň dünýäde ykrar edilýän usullaryndan ugur alýar we bazar ykdysadyýetiniň ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak üçin zerur şertleri döredýär. Şoňa laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmeginiň möhüm ugry hökmünde hususy telekeçilige uly orun berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu ugur boýunça halkara sergiler we maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Olara ýerli we daşary ýurtly telekeçiler uly höwes bilen gatnaşýarlar, özara tejribe alyşýarlar.
Döwlet tarapyndan goldanylýan telekeçilik hemişe durnukly we ygtybarly ösüşe eýe bolýar. Türkmenistan öz milli aýratynlyklaryny nazara alyp, ykdysadyýeti ösdürmekde, ylaýta-da, hususy telekeçiligi goldamakda, dünýä tejribesini önümçilige ornaşdyrmakda ägirt işleri üstünlikli amala aşyrýar. Netijede, ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazaryň durnuklylygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, dünýä bazarynda-da ornuny pugtalandyrýarlar. Soňky ýyllarda hususy pudagyň jemi içerki önümiň düzümindäki paýy yzygiderli artýar. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 72,9 göterime ýetirmek wezipesiniň kesgitlenilmegi bu ulgamda täze belentliklere tarap ugur alynýandygyny tassyklaýar. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak üçin ýeňillikli karzlaşdyryş ulgamynyň ýola goýulmagy soňky ýyllarda täze önümçilik düzümleriniň we müňlerçe iş orunlarynyň döremegine getirdi. Döwlet tarapyndan ýer bölekleriniň uzak möhletleýin kärendesine berilmegi oba hojalyk pudagynda gazanylýan netijäni ösdürdi. Şunda telekeçileriň paýy barha artýar. Işewürlik hasabatlylygynyň we hasaba alnyşynyň sanly ulgama geçirilmegi, ugurdaş amallaryň sanlylaşdyrylmagy telekeçilere wagtlaryny tygşytlamaga we netijeliligi artdyrmaga mümkinçilik berdi.
Hususy gurluşyk düzümi döwlet ähmiýetli ägirt uly taslamalaryň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Häzir ýerli telekeçiler ägirt uly gurluşyk taslamalaryny amala aşyrýarlar. Mysal üçin, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy dolulygyna ýerli telekeçiler tarapyndan ýerine ýetirildi. Şeýle hem sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň binalarynyň we durmuş infrastrukturasynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan alnyp barylýandygy, hatda şäher gurluşygynda peýdalanylan serişdeleriň agramly böleginiň ýerli kärhanalarda öndürilendigi hususy pudagyň tejribesiniň artyp, amal edýän işleriniň dünýä ölçeglerine laýyk gelýändigini görkezýär. Milli Liderimiziň täze şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işleri bilen yzygiderli tanşyp, öz gymmatly maslahatlaryny berip durmagy gurluşykçy telekeçilere işleri has göwnejaý, döwrebap alyp barmakda ýardam edýär.
Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýylyň mart aýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredildi. Şondan bäri telekeçiler tarapyndan ýetilen sepgitler milli işewürligiň gadamlarynyň okgunly badyndan habar berýär. Geçen döwürde birleşmäniň agzalarynyň sanynyň 30 müňe golaýlamagy, olar tarapyndan 22 müň 500-den gowrak taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şu ýylyň 17 — 19-njy marty aralygynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi we maslahat ýurdumyzyň ykdysady durmuşynda taryhy waka boldy. Bu forum edilen işlere mynasyp baha berip, ösüşiň täze mümkinçiliklerine tarap ugur almaga ýol açdy. Şol ýol bolsa innowasiýalar, durnukly ösüş maksatlary we «ýaşyl» ykdysadyýet bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, sergide emeli aň, «akylly» öý ulgamlary ýaly täze sanly çözgütler hödürlenildi.
Türkmenistanyň hususy pudagynyň geljegi «ýaşyl» ykdysadyýet we sanlylaşdyrma bilen berk baglydyr. Türkmen kärhanalary gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini önümçilige ornaşdyrmak bilen, ekologik durnuklylygy üpjün etmäge gatnaşýarlar. Ýerli önümleriň hilini halkara ISO standartyna laýyk getirmek we eksportyň geografiýasyny giňeltmek, sanly bank hyzmatlaryny we elektron söwdany ösdürmek hususy pudagyň düzümleriniň ileri tutýan ugurlarydyr. Bu ugurlarda üstünlik gazanmak üçin telekeçiligiň ylym-bilim kuwwatynyň binýadyny berkitmäge-de giň mümkinçilikler döredilýär. 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyp ulanmaga berilmegi geljekde degişli pudagyň ösüşine goşant goşjak hünärmenleriň täze neslini kemala getirmäge ýardam eder. Hususy pudagyň geçen ýoluna nazar salanyňda, maksada okgunlylygyň, tutanýerliligiň, zähmetsöýerligiň hem-de Watana hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görmek bolýar. Döwletimiziň goldawy we telekeçilerimiziň gaýraty netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýär.
Ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, Ýer ýüzüniň abadançylygy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan, şeýle hem telekeçiligi goldap, hususyýetçiler üçin giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.