Häzirki wagtda ýurdumyzda öňdebaryjy demokratik ýörelgeler düýpli mazmun bilen baýlaşdyrylyp, döwlet dolandyryşynyň berk binýadyna öwrüldi. Halk häkimiýetiniň gadymy nusgalaryny häzirki zamanyň üstünlikli syýasy usullary bilen utgaşdyrýan bu ugur halkyň bähbidini döwlet syýasatynyň özenine öwürmegiň nusgalyk ýoludyr. Şu jähetden, Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi agzybirligimizi we jebisligimizi dabaralandyrjak uly taryhy waka bolar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, halk bilen häkimiýetiň mizemez jebisligi biziň ähli işlerimizi rowaçlandyrýan güýçdür. Biziň bu ugurda gazanan üstünliklerimiz kanunlaryň berjaý edilmegine esaslanýar. Esasy Kanunymyzda halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy hökmünde ykrar edilýär. Halkyň öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýandygy nygtalýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem esasy wezipeleri halk bilen häkimiýeti jebisleşdiriji güýç hökmünde häkimiýet edaralarynyň ählisini il-ýurt bähbitli işlerde jemlemäge gönükdirilendir.
Halk Maslahaty Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň döwletlilik binýadyny pugtalandyrmakda we jemgyýetçilik jebisligini üpjün etmekde ägirt uly taryhy ýoly geçdi. Bu parasatly we öňdengörüji ýörelge döwlet ähmiýetli iň möhüm hem-de jogapkärli çözgütleri kabul etmäge, şeýle hem raýatlaryň ýurdumyzyň syýasy-ykdysady durmuşyna işjeň gatnaşmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Halk Maslahatynyň işjeňligi jemgyýetdäki ähli gatlaklaryň, dürli hünär toparlarynyň we ýaş nesilleriň bähbitlerini bir bitewi halka birleşdirýär. Munuň özi jemgyýetimizde durnuklylygyň, agzybirligiň we özara ynamyň has-da pugtalanmagyna ýardam edýär. Nobatdaky mejlisde hem döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlener, döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.
Halk Maslahatynyň alyp barýan işleri diňe bir içerki syýasat bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende götermäge, daşary ýurtlar bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly goşant goşýar. Parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, dünýäniň dürli döwletleriniň ýokary wekilçilikli edaralary we halkara guramalar bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyk global we sebit ähmiýetli wajyp meseleleri parahatçylykly ýollar bilen çözmäge giň ýol açýar. Bu bolsa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarlydygyny, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty yzygiderli dowam etdirýändigini we dünýä jemgyýetçiligi üçin hemişe ygtybarly, açyk hyzmatdaş bolup durýandygyny görkezýär.
Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýän strategik kararlar, döwlet maksatnamalary we öňe sürülýän wajyp wezipeler milli ykdysadyýetimiziň durnukly hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösmeginde hem kesgitleýji ähmiýete eýedir. Bu ýokary wekilçilikli edara ykdysady syýasatyň baş ugurlaryny kesgitlemek bilen, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly işlemegine, maýa goýum işjeňliginiň artdyrylmagyna we täze önümçilik kuwwatlyklarynyň has-da ösdürilmegine uly itergi berýär.
Halk Maslahatynyň mejlislerinde ýurdumyzy innowasion ösüş ýoluna geçirmek, senagat we önümçilik ulgamlaryny yzygiderli giňeltmek boýunça möhüm wezipeler goýulýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň maliýe-ykdysady binýadyny berkitmek, sanly ulgamy ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna giňden ornaşdyrmak we bazaryň talaplaryna laýyk gelýän amatly işewürlik hem-de maýa goýum gurşawyny üpjün etmek babatda Halk Maslahaty tarapyndan goldaýjy çözgütler kabul edilýär. Bu bolsa ykdysadyýetimiziň yzygiderli kuwwatlanmagyna, milli pul birligimiziň durnuklylygyna we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna berk binýat bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty türkmen halkynyň agzybirlik, jebislik we döwletlilik ruhudyr. Ol ýurdumyzyň mizemezliginiň, asudalygynyň we ösüşiniň berk binýadyny emele getirýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmeginde, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynda Halk Maslahatynyň alyp barýan parasatly işleri uly ähmiýete eýedir.
Täzegül JUMADURDYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy.