Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

GEŇEŞLI ILIŇ DÖWLETLI ÝOLY

Türkmen halkynyň köpasyrlyk döwletlilik taryhyna ser salanyňda, iň jogapkärli pursatlarda-da ak sakally ýaşulularyň, halk wekilleriniň bir ýere jemlenip, maslahat edip çykaran çözgütleriniň taryhyň täze sahypalaryny açandygyny görýäris. Oguz han atamyzdan başlap, taryhymyzyň şöhratly döwürlerinde asylly däbe öwrülen «Geňeşli il azaşmaz» diýen dana pähim şu günki gün döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty – hut şol mukaddes kanunyň, nesilleriň we döwürleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň we milli demokratiýamyzyň häzirki zaman dünýäsindäki kämil nusgasydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty– bu halk häkimiýetiniň, milli demokratiýanyň we asyrlar boýy dowam edip gelýän ata-babalarymyzyň geňeşli ýolunyň häzirki döwürdäki iň belent wekilçilikli edarasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda hereket edýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we durmuş ösüşiniň strategik ugurlaryny kesgitleýän iň esasy sütünleriň birine öwrüldi. Ol diňe bir ýokary wekilçilikli edara bolman, eýsem halkyň sesidir, döwletiň we jemgyýetiň mizemez bitewiliginiň iň aýdyň beýanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda indi ýylyň-ýylyna Türkmenistanyň Halk Maslahaty geçirilýär. Ýurdumyzyň döwlet ýolbaşçylarynyň, sebitleýin wekilçilikli edaralaryň agzalarynyň, il-gün içinde uly abraýa eýe bolan ak sakally ýaşulularyň, ak saçly eneleriň, ýaşlaryň we dürli pudaklaryň öňdebaryjy hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu mejlisde il-ýurt bähbitli çözgütler kabul edilýär. Munuň özi ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, türkmen halkynyň bolelin, parahat durmuşda ýaşamagyna uly itergi berýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilýän taryhy Kararlar we Konstitusion kanunlar döwletimiziň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna, raýatlaryň durmuş goraglylygynyň has-da berkidilmegine gönükdirilendir. Ýurdumyzy ösdürmegiň uzak möhletleýin milli maksatnamalary hut şu beýik forumda ara alnyp maslahatlaşylýar we tassyklanylýar. Bu ýerde yglan edilýän her bir taryhy çözgüt her bir türkmenistanlynyň kalbyna egsilmez ruhubelentlik paýlaýar, çünki ol çözgütleriň özeni «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir» diýen ynsanperwer ýörelge bilen guralandyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Agzybirlik we maksada okgunlylyk bilen hereket etmek ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň her bir raýatynyň jana-jan wezipesidir” Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris» diýen ajaýyp jümleleri ýurdumyzda agzybirlik bilen beýik sepgitlere ýetilýändigini, bilelikde uly maksatlary durmuşa geçirip bolýandygyny äşgär edýär. Türkmen halkynyň uly ynam, uly hyjuw bilen geljege sary gadam basýandygyny, ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmeginde beýik işleriň amala aşyrylýandygyny açyp görkezýän bu ajaýyp jümleleriň biziň her birimiz üçin ruhy goldaw bolup durýandygyny aýratyn bellemek gerek. Üstümizdäki – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hem il-ýurt bähbitli çözgütleriň – Kararlaryň kabul ediljekdigi şübhesizdir. Bu mejlisde hem ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, işjeň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda beýik başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin bähbitli meselelere garalar. Kabul ediljek çözgütleri, maksatnamalary halk köpçüligine ýetirmekde syýasy partiýalaryň orny örän ulydyr. Biz hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda kabul ediljek çözgütleri wagyz etmek işine işjeň gatnaşyp, Halk Maslahatynyň taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýetini halk köpçüligine giňden düşündireris. Goý, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýurdumyzy röwşen geljege, beýik özgerişlere we bagtyýar durmuşa alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Röwşen GELDIMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň Umumy bölüminiň müdiri.