Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

HUSUSY PUDAK ŞANLY SENELERE BELENT MAKSATLAR BILEN BARÝAR

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşleri, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň nyşanydyr. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan ýurt Garaşsyzlygynyň saýasynda her günümiz, her aýymyz şan-şöhrata, taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Häzirki günlerde il-günümiz hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň daşyna jebisleşip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna ýokary derejede taýýarlyk görýär. Bilşimiz ýaly, her ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi täze taryhy döwrümiziň halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerinden gözbaş alýan asylly däbidir. Şu ýylyň 15-nji iýulynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň geçirilmegi umumymilli foruma taýýarlyk işleriniň anyk ugurlaryny kesgitledi. Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi halk häkimiýetliliginiň, milli döwletliligiň nyşanydyr. Şoňa görä-de, bu günler Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryndan, öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, ýerlerde halk köpçüligi bilen Halk Maslahatynyň mejlisine teklipleri taýýarlamak, forumyň ähmiýetini wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkyň arasyndan uzak ýyllaryň dowamynda çeken ýadawsyz zähmeti, yhlasy bilen döwlet sylaglaryna, hormatly atlara mynasyp adamlar saýlanyp alnyp, döwlet sylaglaryna we hormatly atlara hödürlenilýär. Şu ugurdaky işlere Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary hem mynasyp goşant goşýar. Ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň we hojalyk jemgyýetleriniň işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda berkararlygyň, bagtyýarlygyň hem-de beýik galkynyşlaryň röwşen ýoly bilen öňe barýan Diýarymyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda hususy pudagyň ösüşleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bazar ykdysadyýetiniň depginli ösüşiniň möhüm şerti bolan telekeçilik başlangyçlarynyň goldanylmagy we işewürligiň höweslendirilmegi hususy pudagyň rowaçlanmagyna badalga berdi. Söwda ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde telekeçilik ulgamyna, hususan-da, isleg bildirilýän daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan, eksporta niýetlenen önümleriň öndürilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Geçen gysga döwürde döwletimizde kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň täze hukuk esaslary döredildi. «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» Kanunlar kabul edildi. «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edilip, häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny toýlamaga taýýarlanýan şu günlerde ýurdumyzyň çar ýanynda uly ruhubelentlik, zähmet joşguny duýulýar. Garaşsyzlyk bize diňe bir berk binýatly döwletimizi gurmaga däl, eýsem, her welaýatyň, her etrabyň we her bir obanyň sazlaşykly ösmegine giň ýol açdy. Sebäbi özygtyýarly döwletimiziň, merdana halkymyzyň döredijilik kuwwaty, keremli Diýarymyzyň sahawaty bilen biz ösüşiň dünýä nusgalyk ýoluny saýlap aldyk. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň asylly işlerini dowamata besleýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap şäherçeler, önümçilik kärhanalary, medeni-durmuş maksatly binalar gurlup ulanmaga berilýär. Bu bolsa ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyryp, durmuş derejesini ýokarlandyrýar. Sebitleriň deňagramly, birsydyrgyn ösdürilmegi, ýurdumyzyň her bir künjeginde abadan durmuşy üpjün edýär. Sentýabr aýynda paýtagtymyzda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisi milli jebisligimizi has-da berkitmekde uly ähmiýete eýe bolar. Bu mejlisde kabul ediljek çözgütler diňe bir durmuş-ykdysady ösüşi däl, eýsem, jemgyýetimiziň jebisligini, halkymyzyň agzybirligini has-da berkider. Bu şanly waka Diýarymyzyň ähli halky agzybirlik we uly ruhubelentlik bilen barýar. Paýtagtymyzyň işewürleri hem baýramçylyga guwandyryjy üstünlikleri, toý sowgatlary bilen barýar. Telekeçiler häzirki döwürde müňlerçe dürli önümleri öndürýärler, ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetirýärler. Daşary ýurt harytlary bilen mynasyp bäsleşýän önümler diňe bir içerki bazarda däl-de, beýleki döwletlerde-de uly islege-de eýe bolýar. Munuň özi ýurt Garaşsyzlygymyzyň bize beren ajaýyp miweleriniň biridir. Halkymyzyň jebisligi, tutanýerli zähmetimiz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny rowaçlyklara beslensin! Goý, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz gülläp ösüp, halkymyzyň döwletli ýoly dowamat-dowam bolsun!

Altynaý AKMYRADOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň hasabatçysy.