Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

Hemmämiziň bilşimiz ýaly ýakynda, has takygy 2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň, Ministrler Kabinetiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki döwlet we häkimiýet, jemgyýetçilik edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Onda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça, Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmeginiň wajyp meselelerine garaldy. Geçirilen döwlet ähmiýetli Mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisini 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek, bu ugurda alynyp barylýan işleri sazlaşykly ýola goýmak häzirki wagtda wajyp wezipeleriň biridir. Bu babatda Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinde “Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we wezipeleri bolup durýar. Şeýle-de ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak hemişe üns merkezinde bolmalydyr” diýip ýerlikli belläp geçdi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek boýunça işler diýarymyzyň ähli künjeklerinde gyzgalaňly alnyp barylýar. Teklipleri işläp taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada wagyz-nesihat çäreleri, çykyşlar, duşuşyklar meýilnama esasynda guramaçylykly geçirilýär we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär. Il arasynda «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Maslahat bilen atylan daş uzak gider», «Geňeşli ýol- dogry ýol», «Ýedi ölçäp, bir kes» diýen ýaly atalar sözlerine, ata-babalarymyzdan gelýän ýol ýörelgä, asylly däp-dessurlarymyza eýerip, Türkmen Halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan adyl syýasatynyň netijesinde, her ýylda geçirilýän, taryhy ähmiýetli kararlary özünde jemleýän, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisinde halkyň ruhy gymmatlyklaryna uly hormat goýulýar, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynyň esasy şerti bolan ykdysady-durmuş, medeni we bilim ulgamlarynyň ösdürilmegine, ýaş nesli watana söýgi, zähmetsöýerlik we jogapkärçilik ruhunda terbiýelemegiň, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy ylmyň we tehnologiýanyň gazananlaryny özleşdirmegi, daşary ýurt dillerini öwrenmegi hem-de hünär taýdan kämilleşmegi bilen bagly meselelere garalýar. Şeýle hem, ýurduň uzak möhletleýin ösüş strategiýalaryny durmuşa geçirmek, döwlet maksatnamalary, durmuş-ykdysady özgertmeler, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen başlangyçlar, ýurdumyzyň ösüşini kepillendirýän geljekki maksatnamalar we ösüş ugurlary kesgitlenilýär. Ykdysady özgertmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, telekeçiligi ösdürmek, ähli ugurlarda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we maýa goýumlary çekmek ýaly möhüm meseleler, ara alyp maslahatlaşylýar. Oba hojalygyny ösdürmek, senagat önümçiligini giňeltmek ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny kämilleşdirmek we sanly ulgamy ösdürmek ýaly ugurlar hem göz öňünde tutulýar. Umuman aýdanymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňünde halkymyzyň durnukly ösüşini kepillendirýän uly wezipeler barada giňişleýin durulup geçilýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dürli ugurlarda netijeli netijeli zähmet üstünliklerini gazanan, il içinde uly abraýdan we sylag hormatdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglaryna, hormatly atlara hödürlemek boýunça netijeli işleriň geçirilmegi çäräniň ähmiýetini has-da artdyrýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ornuny, taryhy ähmiýetini, we öňde goýan wezipelerini wagyz etmekde, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuny guramaçylykly geçirmek ugrunda alynyp barylýan işlerde syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine hem möhüm wezipeler degişlidir. Ýurdumyzda milli demokratiýany sazlaşykly ösdürýän, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli dünýä ähmiýetli alyp barýan nusgalyk işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Leýla REJEPOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.