Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

DERWAÝYS WEZIPELER KESGITLENILDI

Türkmen ili Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni ýeňişlere beslemek bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda has-da bagtyýar geljeginiň binýadyny berkden tutýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan belent maksatlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyz üstünlikli dowam edýär. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda amala aşyrylýan syýasy özgertmeler ykdysady ösüş-özgerişler bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar. Şeýlelikde, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 15-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynda, ilki bilen, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramyna taýýarlyk görülýändigini belledi. Bu senäniň taryhy ähmiýetini, onuň il-günümizi belent maksatlara galkyndyrýandygyny nygtady. Şeýle hem mejlisde Milli Liderimiz baýramçylyk günleriniň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ösüşli menzilleri, bolup geçen syýasy wakalar barada aýdyp, şu ýylyň 23-nji sentýabrynda boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bilen bagly öňde durýan wajyp wezipeleri kesgitledi. Şeýle hem mejlisde degişli Kararlar kabul edildi. Şu wezipeleriň oňyn çözgüdi bolsa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge mümkinçilik berer. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri welaýatymyzda-da giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu taryhy waka mynasybetli taýýarlyk işleri bilen bagly tagallalar işjeň häsiýete eýe bolýar. Toýlary toýlara ulaşýan türkmen ili uly toýuna barýar. Möhüm taryhy wakanyň yz ýany toýy uludan tutuljak Beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň baýramçylygy halkymyzy belent sepgitlere ruhlandyrýar. Şu şanly wakalara welaýatymyzyň telekeçileri hem ykjam taýýarlykly barýarlar.

Täzegül JUMADURDYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy.