Ýakynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi ýurdumyzda durmuş-ykdysady özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, halk häkimiýetini berkitmegiň has-da rowaçlanýandygynyň ýene-de bir aýdyň mysalyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň mejlisde eden taryhy çykyşy biziň ählimizi buýsandyrdy hem-de durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmekde täze üstünliklere ruhlandyrdy. Mejlisde «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararlaryna gol çekildi. Bu resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle-de Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna we Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Gahryman Arkadagymyz pudaklaryň ykdysady we maliýe görkezijilerini içgin seljermelidigini aýdyp, bu babatda aýratyn möhüm hasaplanýan ugurlar, ýagny bazar gatnaşyklary, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, saglygy goraýyş, senagat pudagy, oba hojalygy we halkara hyzmatdaşlyk boýunça meselelere ünsi çekdi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň we guramaçylyk toparynyň bilelikde alyp barmaly işleriniň möhüm ugurlaryny hem kesgitledi. Olar, esasan, jemgyýetçilik-syýasy, guramaçylyk, wagyz-nesihat işleri bilen baglanyşykly çärelerdir. Ösüşiň täze tapgyryna gadam basylmagy halkymyzyň agzybirligini, beýik maksatlara mundan beýläk-de üstünlikli ýetiljekdigine çäksiz ynamy görkezdi. Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketiň ugurlaryny anyk kesgitledi. Amala aşyrylýan işleriň we öňde goýlan wezipeleriň özeninde bolsa ata Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň birine öwürmek maksady durýar. Gahryman Arkadagymyz öz taryhy çykyşynda alnyp barylýan işleriň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary, duşuşyklary giňden ýaýbaňlandyrmak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça işleri guramaçylyk topary bilen bilelikde meýilnama esasynda alyp barmak, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek, raýatlardan gelip gowuşýan tekliplere we beýleki ýüztutmalara garamak, başga-da birnäçe zerur işleri guramaçylykly durmuşa geçirmek babatda parasatly pikirleri öňe sürüp, anyk tabşyryklary berdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary bolup, bu döwletli tabşyryklary üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda geljekde hem yhlasymyzy gaýgyrmarys.
Maksud TORAÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy.