Paýtagtymyz Aşgabat şäheri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda amatly ýerde ýerleşen gadymy mekan bolup, 1881-nji ýylda esaslandyryldy. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň binagärlik toplumyna özboluşly desgalaryň ençemesi goşuldy, onuň taryhy merkezi döwrebaplaşdyryldy, täze ýaşaýyş toplumlary emele geldi, häzirki zaman awtomobil ýollary, köp sanly medeni-dynç alyş merkezleri, suw çüwdürimleridir seýilgähler peýda boldy. Olar şäher abadançylygynyň möhüm düzüm birligi hökmünde birnäçe wezipäni, şol sanda ekologiýa we medeni meseleleri ilerletmek işlerini ýerine ýetirýär.
Aşgabat şäheri eziz Watanymyzyň ykbalyny kesgitlän möhüm senetçilik we söwda ýollarynyň çatrygynda, gözel Köpetdagyň eteginde ýerleşip gadymyýetden häzirki wagta çenli täzeçillikleriň, öňdebaryjy pikirleriň giňden durmuşa ornaşdyrylýan sebitleriniň biri bolupdur. Bu günki günde hem paýtagt şäherimiziň at-owazasy tutuş dünýäde ylalaşdyryjy merkez, dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň ykbalyna dahylly bolan parahatsöýüjilik pikirleriniň gözbaş alýan ýeri hökmünde giňden tanalýar.
Aşgabat ösen senagatlaşan şäher bolmak bilen, durnukly ösüşiň, howpsuzlygyň we gaýtalanmajak gözelligiň özboluşly nyşany hökmünde ykrar edilýär. Şunlukda, Aşgabat şäheri Türkmenistanyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylmy, tehnologik ösüşiň we innowasiýalaryň merkezi, döwletimiziň baş bilim we medeni merkezi bolup durýar.
Halkara derejedäki iri çäreleriň, forumlaryň we maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrülen paýtagtymyz gün-günden ösýär, özgerýär. Ýurdumyzyň ýüregi bolan baş şäherimiz dünýäniň ençeme döwletleriniň dürli şäherleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar. Netijede, ýaşamak üçin amatly şäher hökmünde ykrar edilýän gözel paýtagtymyz bilen doganlaşan şäherleriň sany barha artýar.
Aşgabat ýurduň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim we medeni merkezidir, onuň aýratyn derejesi «Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Kanun bilen kesgitlendi. Owadanlykda deňi-taýy bolmadyk binalardyr ymaratlar, köpsanly muzeýler, teatrlar ýurdumyza gelýän myhmanlaryň kalbynda ýatdan çykmajak ýatlamalary döredýär. Şäherimiziň keşbini has-da gözelleşdirýän, dünýä ülňülerine laýyk gelýän «Oguzkent», «Ýyldyz», «Aşgabat» kimin ençeme ajaýyp myhmanhanalar paýtagtymyzyň myhmanlaryny mähir bilen garşy alýar. Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde, Halkara howa menziliniň golaýynda ýerleşýän täsin «Garagum» myhmanhanasy hem gözelligi bilen göreni özüne haýran edýär. Paýtagtymyz Aşgabat bu günki günde döwrebap ösüşiň milli nusgasyna öwrüldi. Durmuşa geçirilen gurluşyklaryň, täzeçil başlangyçlaryň netijesinde şäheriň görki, binagärlik keşbi düýpgöter özgerdi. Aşgabat özüniň arassalygy bilen görenleri haýran edýär.
2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Şunuň bilen baglylykda, her ýylyň 25-nji maýy Aşgabat şäheriniň güni hökmünde ýurdumyzda dabaraly baýramçylyk çäreleri giňden bellenilýär, şeýle-de şol gün ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde geçirilýän «Soňky jaň» dabaralary bilen utgaşyp, has-da özboluşly häsiýete eýe bolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Aşgabat doganlaşan şäherleri bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Bu şäherleriň arasynda özara wekiliýetleriň saparlary, sport we çeperçilik sungat hünärmenleriniň iş saparlary guralýar. Medeniýet günleri, sergiler, şäher dolandyryşy bilen baglanyşykly dürli mowzuklarda halkara maslahatlar geçirilýär.
Aşgabat we Merkezi Aziýa sebitindäki goňşy döwletleriň şäherlerini medeni we taryhy baglanyşyklar birleşdirýär. Aşgabat, Daşkent, Astana, Bişkek, Duşenbe şäherleriniň arasynda yzygiderli Medeniýet, kino günleri, suratkeşleriň bilelikdäki çykyşlary, sergiler, döredijilik duşuşyklary we bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Aşgabat diňe gözelligiň we ajaýyplygyň däl, eýsem, bagtyýarlygyň hem merjen şäheridir. Dünýäniň çar künjeginden gelýän syýahatçylaryň, ozaly bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan bedew batly ösüş-özgerişlere, hususan-da baş şäherimiz Aşgabatda gurlan binalara, şeýle hem giň gerimde alnyp barylýan gurluşyk işlerine, şol sanda bagtyýar halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesine haýran galýandyklaryny bellemek ýakymlydyr. Paýtagtymyzyň owadan görnüşli yşyklandyryjylary özüniň älemgoşar öwüşginleri bilen ynsan kalbyna ýakymly täsir edýän görnüşleri döredýär. Şeýle hem ýylyň ähli döwürlerinde gije-gündiz işläp duran suw çüwdürimlerine düşýän yşyklar paýtagtymyzyň keşbine has-da gözellik çaýýar.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir hem zähmetsöýer halkymyzyň asuda hem eşretli durmuşda ýaşamagy, ösüp gelýän ýaş nesilleriň geljegi hakynda yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Akbäbek GULESENOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň baş hasapçysy.