Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Telekeçilik – döwrüň ganaty


Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň giň möçberli tagallalarynyň, kömek-goldawlarynyň netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda telekeçilik ulgamy halk hojalygynyň dürli pudaklarynda — oba hojalygynda, senagatda, gurluşykda we beýleki ugurlarda barha düýpli orny eýelemek bilen, ata Watanymyzyň çalt depginlerde ösmegine mynasyp goşant goşýar. Türkmenistanyoň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary öz ýurdumyzda we halkara derejesinde toplanan tejribäni içgin öwrenip, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň, serişdeleriň ornuny tutýan önümleri öndürmäge gönükdirilen täze önümçilikleri ýola goýýarlar.

Belli bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde ýurdumyzyň oba hojalygyny ykdysadyýetiň hususy pudagynyň mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen, senagat taýdan ösdürmek, bu ugurda önüm öndürijilere ýeňillikli döwlet karz serişdelerini bermek baradaky teklipleri öňe sürüpdi hem-de bu barada degişli karar kabul edilipdi. şundan ugur alyp, soňky ýyllarda ýurdumyzyň telekeçileri oba senagat toplumynda ýokary zähmet öndürijiligini gazanyp, bäsleşige ukyply önümleri içerki we halkara bazarlaryna has köp çykarmak ugrunda uly tagallalary edýärler. Olaryň hatarynda biziň welaýatymyzyň işewürleri hem bu pudakda öz işleriniň gerimini barha giňeldýärler, dürli durmuş ähmiýetli taslamalaryň, desgalaryň gurluşygyna, olaryň enjamlaşdyrylmagyna aýratyn üns berýärler.

Bu barada aýdylanda, hormatly Prezidentimiziş ýaňy-ýakynda welaýatymyza bolan iş saparynyň barşynda S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň çäginde gurlan, «Altyn tug» hususy kärhanasyna degişli ýyladyşhananyň işleri bilen ýörite tanyş bolmagyny bellemek ýerliklidir. Çünki bu waka ýurdumyzda telekeçileriň oba hojalyk pudagynda amala aşyrýan işlerine ýokary derejede ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Arkadag Prezidentimiz bu ýerde bolanynda ýyladyşhanada ýetişdirilýän önümleriň görnüşleri, hili bilen düýpli gyzyklandy hem-de olary ýene-de artdyrmagy maslahat berdi. şunuň bilen birlikde-de, hususy kärhananyň ýolbaşçysyna edýän işleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi welaýatymyzyň telekeçilerini ýene-de yhlasly zähmet çekmäge galkyndyrdy.

Elbetde, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulýan, halkymyzyň özümizde öndürilen azyk önümleri bilen ýeterlik üpjün edilmegi baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan meýilnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna saldamly goşant goşýan telekeçilerimiziň sany barha artýar. Olaryň biri-de Ruhubelent etrabynyň çäginde iş alyp barýan, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Nurgeldi Gurbanbaýewdir.

Bu telekeçi daýhan häzirki dowam edýän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda öz kärhanasyna bölünip berlen meýdanda bakja ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmek bilen meşgullanýar. Onuň kemala getiren bakja ekinleriniň arasynda gürbek gawunlarynyň esasy orny eýeleýändigini bellemek gerek. Sebäbi bu gawunlaryň welaýatymyzyň toprak-howa şertlerine doly kybap gelýändigi mälimdir. Telekeçi daýhan gawun-garpyzlaryň ýitip barýan tohumlaryny saklap galmak, olary köpeltmek barada hem iş geçirýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Bir ýol» hususy kärhanasynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Baýram Taganow adyndaky daýhan birleşiginde bina edýän, umumy meýdany 4 gektardan ybarat ýyladyşhana toplumy ýakyn wagtlarda işe giriziler. Bu ýerde meýilnama boýunça gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek bellenilýär. Häzirki wagtda ýyladyşhananyň esasy işleri göwnejaý amala aşyryldy.

şeýle hem Gubadag etrabynyň Baýdak geňeoliginiň çäginde «Aman Meten» hususy kärhanasy tarapyndan gurulýan, 5 gektar meýdany tutýan ýyladyşhana hem geljekde halkymyzyň ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli gök önümler bilen üpjün edilmegine öz goşandyny goşar. Bu ýyladyşhanada döwrebap enjamlary ornaşdyrmak işleri tapgyrlaýyn ýerine ýetirilýär.

Welaýatymyzyň telekeçileri oba hojalygyndan başga-da gurluşyk, senagat pudaklarynda hem öz başarnyklaryny görkezýärler. Olaryň gaýratly, maksada okgunly zähmetleri özüniň oňat netijelerini hem berýär. Bu täze gurulýan, ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaýlarynyň, beýleki ymaratlaryň mysalynda hem aýdyň görünýär.

Welaýatymyzyň telekeçileriniň şeýle binagärlik işleri bilen bir hatarda, gurluşyk serişdelerini öndürmäge hem düýpli üns berýändikleri örän guwandyryjydyr. Şeýle önümçilik işlerini ýola goýmakda «Galkynan ykbal» hususy kärhanasynyň mynasyp paýynyň bardygyny nygtamak ýerlikli bolar. Çünki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy hasaplanylýan bu kärhana gurluşyk serişdelerini öndürmäge niýetlenilen bolup, onuň bu ugurda ýeterlik tejribesi bar. Daşoguz şäherinde ýerleşýän täze kärhana doly güýjünde hereket edip başlanyndan soňra, ýylda 500 tonna kafel ýelimini, 200 tonna suw emulsiýaly reňkleri öndürer. Bu bolsa ilatyň şeýle serişdelere bolan isleglerini kanagatlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Arkadag Prezidentimiziň kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn goldawy, hususy pudagyň wekillerine döredýän amatly şertleri welaýatymyzyň telekeçileriniň gurluşyk pudagyndaky önümçilik işleriniň depginini has-da güýçlendirdi. Şonuň netijesinde hem olaryň soňky wagtlarda gurluşyk serişdelerini öndürýän başga-da birnäçe hususy önümçilikleri döredendiklerini buýsanç bilen bellemek bolar. Olaryň arasynda kuwwaty ýylda 30 müň inedördül metr kafel plitalaryny öndürýän, binalaryň daşky bezegi üçin niýetlenilen keramiki kerpiji öndürýän, ýyllyk kuwwaty 6552 tonna guýma demirden ýasalan bezeg önümlerini öndürýän kärhanalar bar. Şeýle kärhanalaryň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Rejep Sopyýew tarapyndan döredilen «Dag merjeni» hususy kärhanasydyr. Welaýatymyzyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň M.Hojamämmedow adyndaky geňeşliginiň çäginde hereket edýän bu kärhananyň hünärmenleri bezeg-keramiki kerpiçleri öndürýärler. Bu önümçilik desgasynyň ulanylmaga berlenine köp wagt geçmedik hem bolsa, onuň gurluşyk maksatly önümleri ilatyň arasynda uly islegden peýdalanýar. Döwrebap, ýokary öndürijilikli daşary ýurt enjamlary ornaşdyrylan bu kärhanada şeýle kerpijiň iki görnüşi taýýarlanylýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Atalyk gurluşyk» hususy kärhanasy hem dürli möçberli gurluşyk işlerini berjaý etmekde welaýatymyzda giňden bellidir. Häzirki wagtda bu kärhanada ýylda meýilnama boýunça 3 müň kub metr demirbeton önümlerini, şol sanda turbalaryň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça işler hem alnyp barylýar. Ýakyn wagtlarda kärhananyň bellenilen sepgide çykmaga doly mümkinçiligi bar.

Belläp geçişimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň altyn hazynasy hasaplanylýan telekeçiler üçin giň mümkinçilikleri döredip berýär. Bu babatda milli Liderimiziň 2012-nji ýylda kabul eden «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda”, 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda gol çeken «Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda» we beýleki Kararlarynyň örän uly ähmiýetlidigini aýtmak zerur bolup durýar. Elbetde, welaýatymyzyň telekeçileri şeýle aladalara, goldaw-kömeklere özleriniň mynasyp zähmetleri, işlerinde gazanýan guwandyryjy üstünlikleri bilen jogap berýärler. Bu mundan beýläk hem şeýle bolar. 


 

Мыратгелды ГОЧМЕДОВ