Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli beýik işlerini, asylly ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýär, döwrüň ylhamy, döwrüň tizligi bedew badynda, ahalteke atlarynyň belent hyjuwynda şöhlelenýär. Her ýylyň özboluşly mazmun bilen atlandyrylmagy ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda täze sahypalary açýar. Täze, 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi hem halkymyzyň kalbynda uly buýsanç döretdi.
Ýyllary ýyllardan zyýada gelýän ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban Watanymyzyň ýeňişli ýoly rowaçlanýar. Geçen – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny ýokary zähmet üstünlikleri, taryhy wakalary bilen şöhratlandyran türkmen halky üstümizdäki – “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan ýylyň ilkinji günlerinden döredijilikli zähmet çekýär.
Ajaýyp ýylymyzyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagynda giň many-mazmun bar. Çünki türkmen halky bedew atyny sarpalaýar, hormatlaýar. Geçmişde milli buýsanjyna we guwanjyna öwrülen ahalteke bedewleri türkmen halkynyň gymmatly medeni mirasydyr. Häzirki wagtda ajaýyp bedewlerimiziň sarpasy belent tutulýar. Ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, olaryň abraýyny dünýä ýaýmak boýunça mynasyp işler alnyp barylýar.
Bedewlere goýulýan sarpanyň ýokarydygyny şeýle mysallara ýüzlenmek bilen hem görmek bolýar. Has takygy, 2017-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanynyň esasynda hem türkmen bedewiniň goýulmagy, şol oýunlaryň öňüsyrasynda bäş welaýatyň çäginde atly ýörüşiň geçirilmegi halkymyzyň agzybirligini, türkmen bedewine goýýan hormatyny alamatlandyrdy. Şeýle-de, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, paýtagtymyzda we welaýatlarda atçylyk sport toplumlarynyň hereket etmegi atlar hakynda edilýän aladanyň aýdyň subutnamasydyr. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylmagy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Ahalteke bedewleri geçirilýän halkara bäsleşiklerine hem yzygiderli gatnaşdyrylýar. Olar baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Muňa mysal edip, golaýda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinden bedew janköýerlerini we sirk muşdaklaryny begendiren şatlykly habaryň gelip gowuşandygyny aýtmak bolar. Has takygy, üstümizdäki ýylyň 16-25-nji ýanwary aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu waka 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygarynyň mazmunyny baýlaşdyryp, oňa aýratyn öwüşgin çaýýar.
Türkmen ili täze — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygarly ýyla ýokary ruhubelentlik, ýagşy umyt-arzuwlar bilen gadam basdy. Täze ýylyň ilkinji günlerinden döredijilikli zähmet çekýän halkymyz ýaňy başlanan ýylymyzy uly zähmet ýeňişlerine beslemegi maksat edinýär. At ýylynda bolsa, maksatlarymyzyň myrat boljakdygy täze sepgitlere ruhlandyrýar. Il-günümiziň tutanýerli zähmeti bolsa, şanly wakalara beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylan üstünlikleriň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Aýratynam, üstümizdäki ýylyň taryhy wakasy boljak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň uly toýunyň dabarasynyň dag aşjakdygy guwandyrýar. Şanly senä mynasyp zähmet sowgatly barmagy maksat edinýän türkmen halky hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gurýar we döredýär.
Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýyny belende galdyrmakda, şeýle ajaýyp döwleti bize peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik başlangyçlary, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Röwşen GELDIMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň Umumy bölüminiň müdiri.