Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

ÇAGALARYŇ BAGTYÝARLYGY — DÜNÝÄNIŇ ABATLYGY

Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary esasynda täze taryhy döwürde körpe nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde uly üstünlikler gazanylyp, çagalar mähir we alada bilen gurşalýar. Bu günki gün ýurdumyzda maşgalany goldamak, enäniň, çaganyň saglygyny goramak boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda zerur hukuk binýady kemala getirilip, milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär. Röwşen ertirlerimiziň dowamaty bolan ýaş nesliň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk ýaly asylly ýörelgeler esasynda terbiýelenmegi, döwrebap derejede bilim almagy, boş wagtlaryny gyzykly hem peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we obalarynda döwrebap mekdepler, çagalar baglary, sport desgalary, sagaldyş merkezleri yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Ýaş nesillerimize niýetlenip gurulýan desgalaryň iň häzirki zaman tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy ylym-bilimden ýüki ýetik, dünýä we döwür bilen aýakdaş gadam urýan, maksada okgunly, watançylyk ruhunda terbiýelenen nesilleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Şeýle işler bagtyýar çagalygyň we ajaýyp arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy hökmünde eziz Watanymyzyň abraýyny has-da artdyrýar. Ajap eýýamymyzda eşretli durmuşyň hözirini görýän bagtyýar nesillerimiziň şatlyk-şowhuny, şadyýan gülki sesleri, parahatçylyk söýüjiligi, dostlugy wasp edýän joşguny belentden ýaň¬lanýar. Zehinli körpeler milli we halkara derejede geçirilýän bilim, döredijilik we sport bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, öz ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik alýarlar. Olaryň döredýän ajaýyp sungat eserleri eziz Diýarymyza, mähriban halkymyza, gözel tebigatymyza, milli mirasymyza buýsanjyň hem-de wepalylygyň beýanydyr. Ýurdumyz dünýä döwletleri, iri halkara we sebit guramalary bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen tagallalary birleşdirmäge uly ähmiýet berýär. Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyny tassyklap, ýaşajyk raýatlar üçin amatly durmuş şertlerini üpjün etmekde ýokary jogapkärçilik görkezýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň 4 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde giň gerimli dabaralaryň hem-de «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň geçirilmegi derwaýys ugurda hyzmatdaşlygy ilerletmekde uly ähmiýetli waka boldy. Halkara forumyň Jemleýji resminamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerine terjime edilip, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradylmagy bolsa Bitarap Türkmenistanyň çagalaryň sagdyn we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirýän syýasatynyň, amala aşyrýan nusgalyk işleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldanylýandygyny nobatdaky gezek äşgär edýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary hem Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli körpe nesilleriň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralaryny guraýar. Şeýle dabaralarda çagalara dürli görnüşli süýjülikler, sowgatlar gowşurylýar. Özleri hakynda edilýän aladalary çuňňur kalby bilen duýýan körpe nesiller hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Yhlas YMAMGULYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.