Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly türkmen Bitaraplygynyň tutuş dünýäde dabaralanmasyna öwrüldi. Döwletimiziň bu hukuk derejesiniň ýer ýüzündäki ähmiýeti barada Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy - dostluk doganlyk sazy» atly kitabynda «Biziň döwletimiziň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýynda onuň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen taryhy hadysasy, psihologiýasy, milli aň düşünjesi öz beýanyny tapdy. Açyklyk we hoşniýetlilik, myhmansöýerlik we beýleki milletlere hormat goýmak diňe bir goňşy halklaryň medeniýetine we däp-dessurlaryna hormat goýmakda däl-de, olaryň ylymda we sungat äleminde gazanýan üstünliklerine guwanýandygynda hem ýüze çykýar. Bu häsiýetler bolsa, milli aýratynlygymyza hemişe mahsusdyr» diýip belleýär.
«Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly kararnamanyň üçünji gezek ykrar edilmegi - bu türkmeniň parahatçylyk, agzybirlik, ynsanperwerlik taglymatynyň dünýä ýüzüne ýaýylmagynyň güwäsi. Bu hemişelik Bitaraplygymyzyň diňe bir türkmeniň ykbalyna däl, eýsem dünýä ýüzünde ýaşaýan adamlaryň ykbalyna hem ýetiren özboluşly täsiridir.
Hemişelik Bitaraplygyň gadyr-gymmaty bahasyzdyr, ol ýyllar geçse-de ähmiýeti peselmeýän, hümmeti egsilmeýän gymmatlyk. Gaýta ýyl geçdigiçe, ýurduň ykbalyna nur bolup çaýylýan, ynsan kalbyny ýyladýan hemişelik Bitaraplygymyz aýdyň ertirlerimiziň, ýagty geljegimiziň şuglasyna öwrüldi.
Türkmeniň goşa ganatyna deňelýän hemişelik Bitaraplygyň 30 ýylynyň dowamynda ata Watanymyzyň ykbalyna ýetirilen täsirleri, ösüşleri sanardan kän. Bu ýyllaryň içinde ýurdumyz parahatçylygyň, asudalygyň, dost-doganlygyň mekany hökmünde dünýä ýüzüne tanaldy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda we dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýan parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgeleri bu gün hemmeleri haýrana goýýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip at alan 2025-nji ýylyň diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä ýüzünde hem şeýle şygar bilen dabaralandyrylmagy diýseň guwandyryjydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň: «Biz daşary syýasatymyzda ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ýurdumyzyň oňyn bitaraplygyny dünýä giňişliginde ösdürmek, daşary ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmek meselelerine uly orun berýäris» diýip belleýşi ýaly, döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer işleri umumadamzadyň ösüşi we abadançylygy baradaky alada ýugrulandyr.
Halkymyzyň beýik gymmatlygy we taglymaty bolan Bitaraplyk hukuk derejämiziň özeninde parahatçylygy pugtalandyrmak, dostlugy berkitmek, goňşy we beýleki halklar bilen hoşniýetli gatnaşmak ýaly milli ýörelgämizde durýar. Bu asylly ýörelgeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe dünýä halklarynyň abadançylygynyň, bagtyýarlygyň hatyrasyna täze öwüşginde dabaralanýar.
Hemişelik Bitaraplyk diýmek, rowaçlyk, asudalyk, bagtyýarlyk, ebedi parahatçylyk diýmekdir. Bitaraplyk – türkmen halky üçin buýsanç bulagynyň gözbaşy, bagtyň çürbaşy. Hemişelik Bitaraplygymyz biziň Garaşsyzlygymyz ýaly ýalkymy bilen, dabarasy soňlanmajak baýramymyzdyr. Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk bu türkmen halkynyň goşa ganaty. Şol goşa ganaty birleşdirip, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan bolsa Gahryman Arkadagymyzdyr, peder dowamaty Arkadagly Serdarymyzdyr. Parahatçylyk bolsa, ähli eşretleriň gözbaşydyr.
Goý, dünýä ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy we asudalygy pugtalandyrmakda ägirt uly tagallalary amal edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!
Bahar METDIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.