Abadan hem bagtyýar durmuşyň, gülläp ösüşleriň mekany bolan eziz Diýarymyz ýylsaýyn kuwwatlanyp, onuň dünýädäki abraýy barha artýar. Şeýle rowaçlyklaryň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan asylly işlerini dowamata besleýän hormatly Prezidentimiziň yhlas-tagallalary, agzybir halkymyzyň tutanýerli zähmeti durýar. Ministrler Kabinetiniň 2024-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde seljerilen makroykdysady görkezijilerdir kabul edilen çözgütler hem bu hakykaty aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Geçen ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň durnukly saklanmagy, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sazlaşykly ösüşleriň gazanylmagy, öňde goýlan önümçilik maksatnamalarynyň artygy bilen berjaý edilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň we mähriban halkymyzyň döredijilik kuwwatyny äşgär edýär. Milli ykdysadyýetiň sazlaşykly ösmeginde, bazarlarymyzda halkymyzyň sarp edýän önümleriniň bolçulygynyň üpjün edilmeginde, iş orunlarynyň döredilmeginde, önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagynda hususy pudagyň wekilleriniň hem saldamly goşandy bar. Berkarar döwletimiziň döredýän şert-mümkinçiliklerinden ruhlanýan hususyýetçileriň ýadawsyz zähmetiniň netijesinde, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriňdir harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişiniň gerimi barha giňeýär. Telekeçiler içerki bazardan artýan önümlerini daşary ýurtlara eksport etmekde hem guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Hökümet mejlisinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça geçen ýylda oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgininiň 110 göterime, senagat önümçiliginiň ösüş depgininiň 104,1 göterime barabar bolandygy bellenildi. Bu görkezijiler hususyýetçileriň alyp barýan işleriniň oňyn netijesinden, ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply milli haryt nyşanly önümleriň barha köpelýändiginden habar berýär.
Mejlisde hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň binýadyny berkitmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly täze önümçilikleri döretmek, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak babatda netijeli işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekmegi, kärhanalaryň we telekeçileriň önümçiligini ösdürmek bilen bagly taslamalar üçin karz serişdelerini bermegi artdyrmagy nygtamagy hususy pudagyň wekillerini, işewürleri we senagatçylary has-da tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrdy.
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary esasynda kabul edilen 2025-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterim derejede saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňden gowrak täze iş orunlaryny döretmek ýaly wezipeler göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, Maksatnamada kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek hem-de jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,6 göterime ýetirmek ýaly wezipeleriň orun almagy mundan beýläk hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde hususy pudagyň wekillerine uly ynam bildirilýändiginiň nyşanydyr.
Häzirki döwürde hususy pudagyň öňünde azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiliginiň möçberini artdyrmak, söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek, ilatyň gündelik sarp edýän harytlara bolan islegini kanagatlandyrmak ýaly wezipeler goýulýar. Ýurdumyzyň ylmy-tehnologik özgertmeler babatdaky syýasatyny durmuşa geçirmekde, sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, senagatyň, oba hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde türkmen telekeçileriniň tagallalaryna uly orun degişlidir. Hususyýetçiler döwlet tarapyndan döredilýän şertlerden peýdalanyp, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalarda öndürilen ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň eksportyny yzygiderli artdyrýarlar, halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşýarlar.
Gün-günden gurplanýan, kuwwaty artýan döwletimiz özygtyýarly ösüşiniň täze tapgyrynda dünýäni haýrana goýýan binalary, halkyň abadan durmuşyny üpjün etmäge niýetlenen desgalary, azym-azym şäherleri gurýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, şu ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obalar, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze şäherçe, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumy, şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi ulanmaga berler, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdiriler. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmaga, alys ýollary ýakynlaşdyrmaga, ylym-bilimli nesilleri kemala getirmäge gönükdirilen iri taslamalaryň uly böleginiň ýerli işewürler tarapyndan alnyp barylýandygy buýsançly ýagdaýdyr.
Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, gazanylan üstünlikler bilen çäklenmän, her bir üstünligi has uly işler hem-de ýeňişler bilen berkitmek zerurdyr. 2025-nji ýylda bize hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly senesi mynasybetli geçiriljek giň gerimli dabaralar, ençeme döwletleriň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda guraljak iri maslahatlar, möhüm wakalar — halkara ähmiýetli çäreler garaşýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda eşretli zamanamyzyň hözirini görýän il-ulsumyz şanly seneleri uly üstünlikler, zähmet ýeňişleri bilen garşylamaga taýýarlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň daşyna jebisleşen il-ulsumyz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent şygara eýerip, röwşen geljege uly ynam bilen garaýar. Döwletli Diýarymyzda bagtyýar günlerimiziň dowamat-dowam bolmagy ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize tüýs ýürekden çykýan alkyş-hoşallyklarymyz kalbymyzyň senasydyr.
Setdar SETDAROW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.