Türkmenistan dünýäde energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça baý döwletleriň biri bolmak bilen, diňe içerki sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmäge ukyply bolman, eýsem, onuň eksportynyň möçberini yzygiderli artdyrýar. Ýurdumyzyň elektroenergetika senagatynda ýerine ýetirilýän işler häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede ösdürilýär hem-de elektrik energiýasynyň önümçilik kuwwatlyklary artdyrylýar. Bu pudakda netijeli işleýän, hormatly Prezidentimiziň «Balkan welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary hakynda» Kararyna laýyklykda döredilen kärhanalaryň biri-de «Demir ölçeg» hususy kärhanasydyr. Ol Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Demir ölçeg» hususy kärhanasynyň köpugurly elektrik enjamlaryny öndürýän we hyzmat merkeziniň işçi-hünärmenleri beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna mynasyp sowgatlar bilen barmagy maksat edinýär. 1,29 gektar meýdanda ýerleşýän toplumyň çäginde edara binasy, önümçilik we elektrik enjamlaryny abatlaýyş-sazlaýyş bölümleri, ammar jaýy we işgärler üçin niýetlenen jaý bar. Onuň önümçilik bölüminde Türkiýe we Fransiýa döwletleriniň «DURMA» we «JUANEL» kysymly enjamlary ornaşdyryldy. Bu ýerde 40 adam zähmet çekýär. Kärhana elektrik enjamlarynyň önümçiliginde we elektrik gurnama işlerinde öňdebaryjy hususy kärhanalaryň hatarynda tanalýar. Bu ýerde demirden elektrik enjamlary üçin şitlerdir gutular öndürilýär, dürli pudaklardan gelýän sargytlar boýunça iş amala aşyrylýar. Abatlaýyş-sazlaýyş bölüminde elektrik hereketlendirijileriniň we transformatorlaryň sarym hem-de abatlaýyş işleri ýerine ýetirilýär. «Demir ölçeg» hususy kärhanasynyň hyzmatlarynyň hatarynda meýdan inženerçiligi, elektrik enjamlaryny ýokary woltda synagdan geçirmek, ölçemek, olara tehniki hyzmat etmek, rele goraglaryny we awtomatikany gurnamak hem sazlamak, gorag ýereçatmalary, ýyldyrymdan goraýjylary gurnamak ýaly ugurlaryda görkezmek bolar. Şeýle-de elektrik geçiriji ulgamlar üçin demir düzütleri öndürmek, yşyklandyryş üçin sütünleri, 35 kW çenli dizel generatorlary abatlamak we olara hyzmat etmek işleri alnyp barylýar. Abatlanan enjamlar döwlet standartlaryna laýyklykda, ýörite barlaglardan geçirilýär. Şeýle hem kärhana ýörite ygtyýarnamalar esasynda howa we ýerasty elektrik geçirijilerini çekmek boýunça işleri, gurluşyk işlerini ýerine ýetirýär.
Toýmämmet HAJYÝEW