Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Bagtyýar ilime “Nowruz” gelende

             Ýaňy garşy alynan 2022-nji „Halkyň Arkadagly zamanasy“ ýylymyz hem özüniň ilkinji günlerinden şanly senelere, taryhy wakalara beslenýär. Ynha ýene-de bir uly baýramçylyk “Nowruz” baýramy bosagamyzda dur. Bu baýram bu toý-türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, ýeten belentden-belent derejeleriniň toýy. Ýaşajyk gök maýsalar, pyntyk ýaryp güllän agaçlar, ýagýan tämiz ýaz ýagşynda ýurdumyzyň dag-dereleri, sähralary, ähli barlygy görke gelýär. Älem-jahanyň röwşen reňklere beslenen günlerinde täze umytlaryň baýramy — Milli Bahar baýramyny halkymyz uly dabara bilen giňden belläp geçýär we Nowruz baýramy bilen baglanyşykly käbir däp-dessurlar gadymdan bäri ýerine ýetirilip gelinýär. Baýramçylyk günleri adamlar biri-birine gowudan-gowy arzuwlary edýärler. Biri-birlerine süýji-süýji tagamlary hödür-kerem edýärler. 

          “Nowruz” baýramynyň özüne mahsus ýatdagalyjy wakalara baý pursatlary bar. Nowruz baýramyny bellemek bilen bagly her bir halkyň özüne mahsus käbir däp-dessurlary hem bar. Türkmenlerde ol, esasan hem, şaman oduny ýakmak bilen baglanyşykly bolupdyr. Nowruzda şaman oduny ýakyp, onuň üstünden bökseň, bar günäleriň dökülermiş diýlip yrym edilipdir. Pent-nesihat bilen birek-birekden öýkeli adamlary ýaraşdyrypdyrlar.Ýörite saçak bezäp, ol saçakda datly tagamlary nowruz saçagyny bezeýän islegli tagamlardan azyndan ýedi dürli nahar bişiripdirler. Ýaşuly enelerimiz milli tagamymyz bolan semenäni ussatlyk bilen bişirseler, ýaşulularymyz hem palow, dograma, gowurma ýaly naharlary bişirmekde kem galmaýarlar. Ýaş gelinler pişme, çelpek bişirip toý saçaklaryny bezeýärler.

           Däp bolup gelýän türkmen obasynyň durmuşyny ýatlatjak dürli döredijilik çäreleri: sergiler, bäsleşikler, konsertler, teatr we folklor toparlarynyň çykyşlary, şeýle hem milli oýunlar, at çapyşyklary geçirilýär. Olar milli medeniýetimiziň baý mirasyny şöhlelendirýär. Parahatçylygy, abadançylygy we ylalaşygy alamatlandyrýan Nowruza bagyşlanan baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzda-da giňden ýaýbaňlandyrylýar. Medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlary halkymyza görkezilýär.

             Bu baýrama halkymyz täze zähmet üstünlikleri, täze arzuw umytlar bilen barýar. Türkmen telekeçilerine-de indi her bir baýrama täze önümler, zähmet üstünlikleri bilen barmak asylly däbe öwrüldi. Bu günki gün telekeçilerimiz önümleriniň görnüşlerini artdyryp, hilini ýokarlandyryp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde jan aýaman zähmet çekýärler. 

         Ilatyň öz topragymyzda ýetişdirilýän dürli gök önümler, ir-iýmişler bilen ýylyň tutuş dowamynda üpjün edilmegi, hususy pudagyň ägirt uly mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy Hormatly Prezidentimiziň baş maksady bolup durýar.  Bu günki gün ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýyladyşhanalaryň birnäçesi gurulyp ulanylmaga berildi. Bu ýyladyşhanalarda türkmen telekeçileri, ýaşlary zähmet çekip, tebigy, arassa bol hasyl alýarlar, halkymyzyň toý saçaklaryny bezemekde mynasyp goşandyny goşýarlar. 

            Halkymyzyň asuda-parahat, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun! 

L.Rejepowa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy