«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ajaýyp bahar günlerinde milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda iş alyp barýan hususy işewürleri birleşdirýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilenine 14 ýyl dolýar. Döwrebap bazar gatnaşyklaryny kemala getirmekde, ýurdumyzyň ykdysady-durmuş syýasatyny özgertmek boýunça işleri ýerine ýetirmekde hususy pudaga möhüm orun degişlidir.
Häzirki döwürde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary netijeli ösdürmek üçin oňaýly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleriniň döredilmegi esasynda döwlet goldawyndan peýdalanýan telekeçilerimiz ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen kabul edilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda hem döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyna, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçileriň bu işlere işjeň çekilmegine uly ähmiýet berlip gelindi. Eziz Watanymyzyň geljekki 30 ýylda saýlap alan ösüş ýolunyň strategik resminamasynda — «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryny gurşap alýan özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýetiň hususy bölegini ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek hem-de kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda göz öňüne tutulandyr.
Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda döwlete dahylsyz bölegiň paýy yzygiderli artýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagynda soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň ençemesi, ýokary dünýä ülňülerine laýyk gelýän awtomobil ýollary gurlup, ulanylmaga berildi. Şolara mysal edip, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň hem-de Ahal welaýatynyň döwrebap dolandyryş merkeziniň gurluşyklaryny görkezmek bolar. Welaýatlarymyzy ösdürmekde we paýtagtymyzda tapgyrlaýyn taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde hususy gurluşyk kärhanalaryna uly orun degişlidir.
Bu gün türkmen telekeçileri ýokary hilli we ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän gurluşyk serişdelerini, senagat harytlaryny, oba hojalyk önümlerini öndürmekde oňyn tejribe topladylar. Ýurdumyzda ýokary hilli gök-bakja önümleriniň, miweleriň we beýleki azyk önümleriniň bolçulygynyň döredilmegi, olaryň özümizden artýan böleginiň eksporta ugradylmagyna mümkinçilik döredýär. Döwlet goldawyndan ruhlanýan milli öndürijilerimiz senagat we oba hojalyk önümleriniň, şeýle hem hyzmatlaryň daşary ýurt bazarlaryndaky ornuny pugtalandyrmaga, beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürilýän täze önümçilikleri giň gerim bilen işe girizip, täze iş orunlaryny döretmäge uly ähmiýet berýärler. Ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmäge, şeýle hem hyzmatlar ulgamyny, elektron söwdany ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary amala aşyrmaga uly goşant goşýarlar.
Gahryman Arkadagymyzyň belent ynamyndan we döredip berýän giň şert-mümkinçiliklerinden göwünleri galkynýan telekeçiler döwletimiziň täze taryhy eýýamynda hem döredijilikli zähmeti bilen ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşup, halkymyzyň eşretli durmuşyny nazarlaýan özgertmeleriň rowaçlanmagy ugrunda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrýarlar.
Täzegül JUMADURDYÝEWA,Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy.