Ministrler Kabinetiniň ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ähli babatda ýokary netijeleriň gazanylandygy bellenildi. Eziz Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň öňküden-de gowulanmagy ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işlerde Lebap welaýatynyň işewürleriniň hem mynasyp zähmet paýy bar.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň gündogar sebitine-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa gadamy düşdi. Hormatly Prezidentimiziň iş saparynyň çäklerinde «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti tarapyndan Köýtendag etrabynda gurlan, ýylda bir million tonna sement öndürmäge ukyply sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, «Asuda akym» hojalyk jemgyýeti tarapyndan Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginde gurlan, «Şir ýag» haryt nyşanly sintetiki awtomobil çalgy ýaglaryny öndürýän kärhananyň, şeýle-de «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy tarapyndan Türkmenabat şäherinde gurlan, 4 gatly, 18 öýli iki döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanmaga berilmegi toý-baýramly ýylyň şatlykly wakalarynyň üstüni ýetirdi.
Ýurdumyzyň düýpli gurluşyklaryna işjeň gatnaşýan lebaply telekeçiler Köýtendag etrabynyň Megejik obasynda 790, Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşliginde 500, Çärjew etrabynyň Zergär geňeşliginde 600, şol etrabyň Farap şäherinde 960, Saýat etrabynyň Sakar şäherinde 600, Dänew etrabynyň Seýdi şäherinde 500 orunlyk, dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap mekdepleri, Kerki etrabynyň Gowak obasynda 160 orunlyk çagalar bagyny gurup, ýaş nesilleri begendirdiler. Telekeçiler tarapyndan Türkmenabat şäherindäki lagym suwlaryny bir ýere jemlemek maksady bilen gurlan lagym sorujy beket, Çärjew etrabynyň Bitik geňeşligindäki bir gije-gündizde 25 müň kub metre deň suw arassalaýjy desga, Köýtendag etrabynyň Dostluk şäherçesindäki ýyllyk kuwwaty 50 müň tonna gurluşyk garyndy materiallaryny öndürýän kärhana sebitiň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, ilatyň abadan durmuşyny üpjün etmäge goşant boldy.
Ak bazarlary türkmen topragynyň ekologik taýdan arassa oba hojalyk we azyk önümleri bilen üpjün etmekde-de telekeçiler ýokary işjeňlik görkezýärler. Olaryň şu ýyl döwrebap ýyladyşhanalarda ýetişdiren 5 müň 620 tonnadan gowrak pomidorynyň 4 müň 450 tonnadan gowragynyň eksport edilmegi Jeýhun boýunyň datly önümleriniň diňe içerki däl, eýsem, dünýä bazarlarynda-da uly islege eýediginden habar berýär.
Telekeçi daýhanlarymyz ekerançylyk babatda amatly hasaplanýan sahawatly topragymyzda ak bugdaýyň, gök we bakja ekinleriniň, miweli baglaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirip, ilata elýeterli bahalardan hödürleýärler. Ekologik taýdan arassa, ýokary hilli mal, guş eti, towuk ýumurtgasy, süýt, şöhlat, balyk önümleri, şeýle-de janly balyklaryň dürli görnüşi, süýji-köke, çörek önümleri, miwe şireleri, süýji tagamly içgiler, ter we gaplanan önümler saçaklara ýaraşyk berýär. Şu ýylyň alty aýynda hususy balykçylaryň tutan jemi 723 tonnadan gowrak balygynyň ak bazarlarda ýerlenmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Bu günki gün «Tebigy ekin» daýhan hojalygynyň Çärjew etrabynda 800 gektara golaý, şol etrapda «Altyn bürgüt» hususy kärhanasynyň 8,5 gektar, «Rowaçly ösüş» hususy kärhanasynyň Döwletli etrabynda 740 gektar, «Yhlasly umyt» hususy kärhanasynyň Köýtendag etrabynda 1100-den gowrak gektar, «Altyn gül» hususy kärhanasynyň Dänew etrabynda 30 gektar, şol etrapdan telekeçi Myrat Rustamowyň 240 gektar, «Çomuç» hususy kärhanasynyň Saýat etrabynyň Garabekewül şäherinde 30 gektar meýdanda gök we bakja ekinlerini, dürli miweleri ýetişdirip, azyk bolçulygyna mynasyp goşant goşýandyklary buýsandyrýar.
Tejribeli telekeçiler Şöhrat Saipowyň Saýat etrabynda, Jemşit Demirowyň Dänew etrabynda ýerleşýän maldarçylyk toplumlarynda süýt ugurly mallar idedilýär. Döwrebap maldarçylyk toplumlaryna golaý ekin meýdanlarynda ot-iýmlik ekinleriň, ýagny ýorunjanyň, arpanyň, mekgejöweniň ekilmegi mallaryň ýylyň tutuş dowamynda dok saklanmagyna şert döredýär. Bu ýokumly ot-iýmler mallardan bol süýt alynmagyna getirýär. Dänew etrabynyň çäginde 2 gektar meýdanda gurlan ýumurtga ugurly guşçulyk hojalygy ak bazarlarymyzy guş etidir ýumurtga bilen üpjün edip gelýär. Hususy pudakda azyk önümleriniň dürli görnüşiniň önümçiligini ýola goýup, baý tejribe toplan tejribeli telekeçi Alym Joraýewiň Saýat etrabyndaky önümhanasynda «Her gün» haryt nyşanly süýt we süýt önümleri öndürilýär. Önümhananyň ýanynda ýörite maldarçylyk hojalygynyň döredilmegi önümçiligiň çig mal bilen üpjünçiliginde möhüm ähmiýete eýe. Maldarçylyk hojalygyndaky simmental tohumly gara mallardan alynýan süýtden her günde 2 tonna golaý ekologik taýdan arassa önümler taýýarlanylýar.
Türkmenabatly telekeçi Göwher Jumaýewa künji ösdürip ýetişdirmek bilen, «Nurber» haryt nyşanly künji ýagyny öndürýär. Almansur Orazow tarapyndan esaslandyrylan «Tiz hyzmat» hususy kärhanasynyň ussat hünärmenleri döwrebap ýyladyşhanalarda del tagamly kömelekleri ösdürip, her möwsümde bol hasyl alýarlar.
Rysgal-berekediň öz topragymyzdan önmegi bazarlaryň ýerli, ekologik taýdan arassa, ter-täze önümler bilen baýlaşmagyna getirýär. Bu halkyň bolelin ýaşaýşyndan nyşandyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen yzygiderli goldaw-hemaýat berilmegi, ýeňillikli şertleriň döredilmegi hususyýetçileri has-da yhlasly zähmete ruhlandyrýar. Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hususy ulgamda öňde goýlan maksatlar myrat tapyp, barha rowaçlanýar.
Zerhal NARMÄMMEDOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy.