Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Telekeçilikde gazanylýan üstünlikler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň telekeçilerini, işewürlerini döwlet tarapyndan goldamak, olara hemme taraplaýyn hemaýat etmek Arkadag Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň aýratyn bir ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmekde döwlet derejesinde şunuň ýaly aladalar etmeginiň aňyrsynda uly many bar. Ýaş telekeçileri höweslendirmek hem-de goldamak ýaşlar baradaky syýasatymyzyň esasy maksatlarydyr.

        Adam hakyndaky aladany ileri tutýan  hormatly Prezidentimiziň badalga beren  oňyn özgertmeleri, başlangyçlary, şonuň esasynda ýurtda amala aşyrylýan  il-ýurt bähbitli işler, gazanylýan beýik ösüşler mähriban Watanymyza, eziz halkymyza belent söýginiň alamaty bolup durýar.    

Şeýle hem, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmekde, halkara bazarlarynda bäsleşige ukyply ýokary hilli, önümleri öndürmekde hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde alnyp barylýan işlerinde telekeçilerimiziň öňünde uly wezipeler durýar. Belent maksada ýetmekde hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň degişli düzümlerinde alnyp barylýan işlerde türkmen telekeçilerine gurmak, döretmek, öndürijilikli we döredijilikli zähmet çekmek üçin döwlet tarapyndan ähli döwrebap şertlerdir mümkinçilikler döredilýär.

         Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda kiçi we orta telekeçiligi, netijeli ösdürmek üçin hemmetaraplaýyn durmuş-ykdysady üpjünçiligi, maliýe-hukuk esaslary döredildi. Şeýle irginsiz aladalar bolsa telekeçilerimizi has-da döredijilikli zähmet çekmäne ruhlandyrýar.

        Ýurdumyzyň senagat önümçiligine öz goşandyny goşýan kärhanalaryň biri hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi B.Ýegenmämmedowa degişli bolan  süzgüçleri öndürýän kärhanasydyr. Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň çäginde ýerleşýän bu kärhanada süzgüç öndürilip importyň azalmagyna öz goşandyny goşýar. Bu kärhanada ýokary hilli Amerikanyň enjamlary oturdylan. Mundan başgada bu ýerde birnäçe iş orunlary hem döredilendir. Önüm üçin gerek bolan çig mallary Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodyndan we Gyýanly zawodynyň polietilen, polipropilen önüminden kärhana suw arassalaýjy süzgüjini öndürýärler. Şol önümler Türkmenistanyň çäginde  suw arassalaýjy desgalarda hyzmat edýär. Ýyllyk kuwwatlygy 100 müň süzgüç öndürmäge niýetlenendir. Bu kärhanada ýylda  40 müňden gowrak süzgüç önümleri öndürilýär.

Şeýle önümleriň öz ýurdumyzda öndürilmegi hasam guwandyryjy ýagdaýdyr. Kärhananyň önümleri içerki bazarlarda giňden ýaýrap, ýurdumyzdaky edara-kärhanalara we Awaza milli syýahatçylyk zolagy bilen hem işewürlik hyzmatdaşlygyny saklaýar we geljekde bu kärhanada öndürilýän önümleri daşary ýurtlara eksport etmeklik meýilleşdirilýär.

Kärhananyň agzybir hünärmenleri hem öz gezeginde tutanýerli zähmet çekip, kärhananyň önümçilik kuwwatlylygyny artdyrmaga döredip berýän giň şertleridir mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş  we hoşallyk sözlerini aýdýarlar.              

Baýmyrat TUWAKOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň bölüm müdiri