Hormatly Prezidentimiziň türkmen telekeçilerine ynamy, olaryň ygrarlylyk bilen öňde goýlan wezipeleri berk berjaý etmegi netijesinde gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler halkara derejede ykrarnama eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň 29-njy oktýabrda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegini açyp, ony ulanmaga ak pata bermegi, ýurdumyzyň hususyýetçilerine halkara derejeli şeýle iri taslamalaryň gurluşygynda geljekde hem uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etmegi, gurluşygyň ýokary hiliniň abraýly güwänamalara eýe bolmagy buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, düýn Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde geçirilen «Arkadagyň ak ýollary» atly aýdym-sazly hoşallyk maslahatynda örän buýsançly çykyşlar diňlendi.
Milli Liderimiziň hususy ulgamyň wekillerine bildirýän ynamy, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ykdysadyýetini we döwletara gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýeti bu taslamanyň milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde, döwrebap senagat we ulag düzümini döretmekde türkmen telekeçileriniň işjeň orun eýeleýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezýändigini bellemegi geljekde hem yhlasly işlemäge, döretmäge, gurmaga ruhlandyrýar. Şa gadamynyň bu ýola düşmegi, hormatly Prezidentimiziň «Ýoluňyz ak bolsun, eziz watandaşlar!» diýen dogaýy sözleri, awtoulaglary ýokary ussatlyk bilen dolandyryp, täze ýolda hereketiň başlanmagyna ak pata bermegi hususyýetçileriň alyp barýan işlerini has-da rowaçlandyrýar.
Açylyş dabarasynda aýdylyşy ýaly, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gurýan bu ýoly hem Bitarap döwletimiziň ulag ulgamynda ählumumy wezipeleri çözmek üçin tagallalary birleşdirmäge uly ähmiýet berýändigini, ulag diplomatiýasyny üstünlikli ösdürýändigini aýdyň görkezýär. 2019-njy ýylda başy başlanan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji nobatdakysynyň gurluşygy döwlet Baştutanymyzyň kömekdir goldawlary bilen gysga döwürde tamamlandy.
Desganyň birnäçe güwänama — awtomobil ýolunyň hiliniň ISO 9001 standartyna laýyklygy hem-de «Ýol gurluşygyny taslamak» we «Gurluşyk işleri» standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamalara, şol sanda Germaniýa ulag ylymlary institutynyň ýokary howpsuzlyk, Awstriýanyň Dornbirn şäheriniň Ulag kommunikasiýalary we düzümleri departamentiniň gurluşykda innowasion ýokary tizlikli tehnologiýalaryň ulanylandygy baradaky güwänamalaryna mynasyp bolmagy döwrebap işlemek üçin döredilýän şertleriň miwesidir.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde telekeçilik ulgamyna, hususan-da, hususy gurluşyk kärhanalaryny ösdürmäge, isleg bildirilýän daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen gurluşyk önümleriniň öndürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Diýarymyzyň hususy gurluşyk kärhanalary senagat, durmuş we medeni maksatly desgalaryň köp sanlysyny gurýar, şäherlerimizi hem-de obalarymyzy abadanlaşdyrmaga işjeň gatnaşýar. Olar ýurdumyzda iri taslamalary hem-de özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirip, alyp barýan gurluşyklarynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zaman tejribeleriniň utgaşdyrylmalydygyna aýratyn üns berýär, innowasiýalary, sanly ulgamy, ylmy-tehnologik gazanylanlary iş tejribesine giňden ornaşdyrýar.
Türkmen telekeçileri şu ýyl sebitde köpugurly iri toplumyň gurluşygyny hem üstünlikli tamamladylar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, 26-njy sentýabrda paýtagtymyzda açylyp ulanmaga berlen, sebitde deňi-taýy bolmadyk «Aşgabat» söwda, dynç alyş we işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýyndan ybarat binalar toplumy şu günler şäheriň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrülýär. Milli binagärligiň ajaýyp däplerini hem-de dünýäniň şähergurluşyk tejribesinde öňdebaryjy gazanylanlary özünde jemleýän bu desga durmuş ugurly syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň hem-de türkmenistanlylaryň amatly ýaşamagy, zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin iň gowy şertleri döretmegiň ajaýyp nusgasydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ilatyň zähmet çekmegine, bilim hem dynç almagyna, sport, döredijilik bilen meşgullanmagyna, söwda, dynç alyş we sagaldyş hyzmatlaryndan peýdalanmagyna mümkinçilik döretmek zerurdyr. Şundan ugur alnyp, bu taslama Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda, «Beýik bina» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy. Abadanlaşdyrylan ýerleri, ýollary we ýanýodalary, estakada köprüsini, çüwdürimleri, çagalar üçin oýun meýdançalaryny, emeli akabany hem-de ugurdaş gök zolaklary özünde jemleýän toplum Tähran köçesiniň ugrunda bina edilen birnäçe desganyň jemi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sazlaşykly gurlan binagärlik toplumydyr. Döwlet Baştutanymyzyň şäheriň durmuş gurşawyny kemala getirmegiň paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ýörelgesi bolmagyny bu ýerde hem ünsden düşürmändigini bellemek gerek.
«Aşgabat» atly täze toplumyň Germaniýanyň «German Council» söwda merkezleriniň geňeşiniň «Ýokary tehnologiýa esaslanyp gurlandygy» baradaky güwänamasyna, «Docklands» (London) ylmy-barlag akademiýasynyň «Certificate of Excellence 2021» güwänamasyna, Awstriýanyň «Vorarlberger» binagärlik institutynyň «Özboluşly dizaýn» güwänamasyna mynasyp bolmagy, şeýle hem Söwda merkezleriniň halkara geňeşiniň (ICSC) agzalygyna kabul edilmegi milli Liderimiziň binagärlik taglymatynyň ajaýyp nusgasynyň halkara ykrarnamasydyr.
Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depgini hem barha artýar. Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegine 2019-njy ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda badalga berildi. Munuň özi milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz 21-nji oktýabrda Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, ol ýerdäki gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy. Gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmegiň desgalaryň potratçylaryna we buýrujylaryna bildirilýän üýtgewsiz talapdygyny nygtamak bilen, bu ugurda geçirilýän işleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ekologiýa ýaly möhüm ähmiýetli meselä ünsi çekdi, şeýle-de ilatyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli işlemegi we okamagy, göwnejaý dynç almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň üpjün edilmegi bilen baglylykda, sanly tehnologiýalaryň we intellektual ulgamlaryň esasynda kadaly şäher giňişliginiň döredilmeginiň esasy ýörelge boljakdygyny nygtady. Bu ýerde gurluşyk işleri smart sitiniň — adamlaryň durmuşy üçin has oňaýly «akylly» şäheriň ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar.
Halkara ülňülere laýyk derejede gurulýan şeýle toplumlaýyn desgalardyr binalar Arkadagly döwrümiziň gurluşykçy telekeçileriniň ynamly gadamlarynyň nyşanydyr. Sözümizi jemlemek bilen, hormatly Prezidentimizi we mähriban halkymyzy häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilýändiginiň aýdyň nyşany bolan 600 kilometrlik Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris hem-de janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.