Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe goşalanyp gelýän toý- baýramlarymyzyň şany dünýä dolýar. Asly halal milletimiz ähli döwürlerde-de asudalyga, ýurt abadançylygyna uly sarpa goýupdyr. Öz durmuşy we dürdäne döredijiligi bilen ýaşap geçen döwrüniň nogsanlyklaryna, gapma-garşylyklaryna garşy özboluşly göreş alyp baran, türkmen halkynyň bütewi bir döwlet gurup ýaşamagyny arzuw eden, şol döwleti “Gurdugym, aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr, Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy” diýip hyýalynda berkarar eden, Gündogaryň beýik akyldary hem-de nusgawy şahyry, özüniň dürdäne eserleri, pelsepewi pikirleri, döwlet, jemgyýet, adamzat gatnaşyklary baradaky düýpli garaýyşlary bilen dünýä edebiýatynda görnükli orun tutan, umumadamzat medeniýetiniň ösüşlerine mynasyp goşant goşan Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň berkararlygyny bu gün bütin dünýä görýär. Ildeşlerimiziň ulusy-kiçisi şeýle beýik şahyrynyň bardygyna buýsanýar, onuň dürli milletleriň dilinde dogaýy sena öwrülip gaýtalanýan şygyrlaryny okaýar, olary aýdyma öwrüp ýaşaýar. Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy akyldar şahyra goýulýan hormatdan nyşandyr.
Ýurt berkararlygy, halkyň bagtyýarlygy, agzybirligi baradaky düýpli pelsepewi pikirlerini şygyrlaryna siňdiren akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň goşa toý edilmeginiň aňyrsynda çuňňur many-mazmun bar. Bu, ilkinji nobatda, türkmeniň taryhy şahsyýetlerine goýýan belent sarpasyny tutuş dünýä ýaýýar. Ikinjiden bolsa, ynsanperwer türkmen döwletinde adam gymmatlyklaryna, döwürdeşlerimiziň öz taryhy şahsyýetlerine, dünýä edebiýatynda hiç haçan gadyry gaçmajak şygyrlaryny miras goýan beýik şahyrymyz Magtymguly Pyraga goýulýan synmaz sarpany aňladýar. Ynsanperwer döwletimiz Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasyndan syzylyp çykan “Döwlet adam üçindir!” diýen dana sözlerini özüniň baş şygaryna öwürmek bilen ildeşlerimiziň, aýratyn hem geljegimiz bolan ýaş nesilleriň bagtyýarlygy üçin ähli şertleri döredýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýar raýatlary bolsa, ýaşyna, hünärine, eýeleýän wezipesine, durmuşda tutýan ornuna seretmezden, özleri üçin döredilýän aladalara yhlasly okamak, gujurly zähmet çekmek, döretmek, gurmak, bina galdyrmak bilen mynasyp jogap berýärler. Ildeşlerimiziň her biri mähriban Milli Liderimiziň beýik başlangyçlarynyň esasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowam etdirmeginde özüniň datly miwesiniň lezzetini görýär, şu günki nesilleriniň mundan-da nurana ertirleriniň binýadyny berkden tutýandyklaryna ynanýar.
Aslynda, ak şäherimiz Aşgabadyň gözel künjeginde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň Esasy Kanunyna beýik ýadygärlik galdyrylmagynyň özi halkymyzyň mizemez agzybirliginiň, baky bitewüliginiň, watansöýüjiliginiň, öz döwletine, jemgyýetine sylag-hormatynyň binagärlik sungatyndaky ajaýyp beýanydyr. Bu başy bulutlara ulaşýan, dört çüňkünde parahatçylygyň, durmuşyň üznüksiz dowamynyň beýany bolan altyn öwüşginli daragt ornaşdyrylan, olaryň pudaklaryna bolsa asudalyk guşlary – ak kepderileriň heýkeljikleri gondurylan beýik bina ata Watanymyzyň berkararlygyny, halkymyzyň mizemez agzybirligini, beýik şan-şöhratyny dünýä ýaýýar. Kepderileriň heýkelleri bu ýerde dabaralanýan toýlaryň şatlygyndan janlanyp, ganat açyp asuda asmana göterilip gidiberjege meňzeýär. Halkymyzyň kalby galkynyşly, göwni ganatly, çünki döredijilikli täze eýýamymyzda göwün isleglerimiz wysalyna gowuşýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň Baş Kanunynyň kepil geçişi ýaly, döwletimiziň iň gymmatly hazynasy hasaplanýan adamlaryň bähbidi, azatlyklary, hukuklary goralýar. Raýatlarymyzyň her biriniň durmuşynda möhüm orun tutýan kanunçylyk namalary kämilleşdirilýär, döwletimiziň ösüşlerine itergi berjek, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan täze kanunçylyk namalary kabul edilýär. Konstitusiýa binasy türkmen halkynyň öz Bagt Kanunynyň şanyna galdyran beýik ýadygärligi hökmünde tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär.
Her ýyl bu beýik binalaryň ýanynda goşa toýuň – Baş Kanunymyzyň döredilen gününiň we Döwlet Baýdagymyzyň gününiň dabaralary badalga alýar. Parahatçylyk dörediji asudalyk merkezi Aşgabadyň ýaşaýjylary, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden, şeýle-de biziň toý şatlygymyzy paýlaşmaga daşary ýurtlardan gelen myhmanlar ajaýyp aýdym-sazlaryň owazynyň astynda, ýaşyl bossanlaryň gurşawynda göge galkyp duran Konstitusiýa binasynyň hem-de Baş baýdagyň öňündäki meýdançada ter gülleri goýýarlar. Bu jebisligiň, agzybirligiň gazanylmagynda Hormatly Prezidentimiziň mukaddes Watanymyzyň gülläp ösmegi, asmanymyzyň asudalygy, il-ulsumyzyň abadançylygy, bagtyýarlygy, eliniň uzadan ýerine ýetmegi barada edýän aladalarynyň, sebitde we dünýä ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmak maksady bilen öňe sürýän, Birleşen Milletler Guramasynyň goldawyna mynasyp bolýan başlangyçlarynyň uly orny bar. Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüjilikden, umumadamzat bähbitlerinden gözbaş alýan halkara başlangyçlary bolsa, sözüň doly manysynda, gudrat döredýär. Bu gün goşa toýa barýan, baýramçylyk lybasyna, ýaşyl Tuglara, dürli reňkdäki baýdaklara, tutuşlygyna ter güllere beslenen Aşgabat - ähli halkymyzyň söýgüsi hem mähri siňen gözel paýtagtymyz biziň buýsanjymyz.
Döwletimiziň her bir raýaty Kanunyň hökmürowanlygyna uly hormat goýýar. Esasy Kanunymyza laýyklykda döwletiň, halkyň öňündäki borçlaryna mukaddeslik hökmünde garaýar hem-de olary abraý bilen berjaý edýär. Çünki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň tagallasy bilen jemgyýetimiziň hukuk esaslary pugtalandyrylýar. Baş Kanunymyz kämilleşdirilýär, demokratik däpleri berkitmäge, şahsyýetiň syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlar özüniň oňyn netijelerini berýär. Döwletimiziň umumadamzat bähbitlerine esaslanýan daşary syýasaty barha rowaçlanýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň öňündäki hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykdaky borçlaryna abraý bilen hötde gelýär. Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm bölekleri bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy, ozaly bilen bolsa, adam hukuklary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugry bolmagynda galýar. Ähli hukuklary kanuny esasda goralýan, özüniň Gahryman Arkadagyna daýanýan, kalby galkynyşly halkymyz agzybirligi baş ýörelgesine öwürdi. Pederlerimiziň paýhasly sözlerinden görnüşi ýaly, agzybirlikde bolsa uly güýç bar.
Goý, il-ulsumyzyň ruhuna galkynyş bagyşlaýan toý-baýramlarymyzy goşalandyrýan, bizi ösüşleriň ýoly bilen täze belentliklere alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt, sebit hem-de umumadamzat bähbitli başlangyçlary rowaç bolsun!
Aýna Saryýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiriniň orunbasary.