Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Hususy pudagyň rowaç menzilleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Biz öz milli telekeçilerimiziň alyp barýan giň gerimli işlerine guwanmaga haklydyrys. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň binýatlaýyn esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy, onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmagy, eksport kuwwatyny düýpli artdyrmagy hem-de bu ugurda hususy başlangyçlary goldamagy ösüşleriň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitleýär. Şonuň netijesinde, türkmen kärhanalary daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup biljek önümleri öndürmek, olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin giň mümkinçiliklere eýe bolýarlar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň çäklerinde kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Hususyýetçiligiň goldanylmagy durnukly ösüşi gazanmakda örän ähmiýetlidir. Munuň özi hususy pudagyň önümçiligi çeýe dolandyrmak, ykdysadyýetiň pudaklaýyn düzümini düýpli diwersifikasiýalaşdyrmak, täze tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak ýaly häsiýetleri bilen baglydyr. Mundan başga-da kiçi we orta telekeçiligiň wezipelerine täze iş orunlaryny döretmek, ykdysadyýetiň salgyt binýadyny giňeltmek, sebitleriň jemi öndüren önüminiň möçberini artdyrmak, importy çalyşýan we eksporta gönükdirilen önümçilikleri döretmek ýaly wajyp ugurlar degişlidir. Döwlet bilen hususy pudagyň arasyndaky hyzmatdaşlyk dünýäde döreýän maliýe-ykdysady ýagdaýlaryň ýurduň ykdysady ösüşine oňaýsyz täsirini peseltmek babatda hem oňyn netije berýär. Gahryman Arkadagymyz telekeçiligi işjeňleşdirmek hem-de ýurdumyzyň senagat taýdan bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, hususy başlangyçlary höweslendirmegiň, bu ugurda innowasion tehnologiýalary netijeli ulanmagyň zerurdygyny nygtaýar. Özümizde öndürip biljek harytlarymyzy daşary ýurtlardan getirmegi bes etmegiň zerurdygyny, bu çäreleriň, ilki bilen, täze iş ýerlerini döretmäge, telekeçileriň we raýatlaryň iş orunlaryny saklap galmaga gönükdirilmelidigini öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, 2008-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi we 2019-njy ýylyň oktýabrynda «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda (rejelenen görnüşi)» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen, guramanyň işiniň hukuk, guramaçylyk, ykdysady esaslarynyň kesgitlenmegi telekeçiligi ösdürmekde möhüm ädim boldy. Häzirki döwürde birleşmäniň 26 müňe barabar agzasy bolup, ol ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biridir. Senagatçylyk we telekeçilik işjeňliginiň ösmegine, döwletiň çäginde, şonuň ýaly-da, halkara derejede özara bähbitli ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam berýän ykdysady syýasaty amala aşyrmakda onuň agzalarynyň tagallalaryny jebisleşdirmek we utgaşdyrmak birleşmäniň esasy maksatlarydyr. Şeýle düzümli wezipeleriň hatarynda Türkmenistanda telekeçilik başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi üçin amatly hukuk, ykdysady we durmuş şertleriniň döredilmegine, agrosenagat toplumynda telekeçiligiň ösmegine ýardam bermek, ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamynda iş alyp barýan telekeçiligiň subýektlerini jebisleşdirmek, olaryň işini utgaşdyrmak, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gatnaşmak we beýlekiler bar. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gysga wagtyň içinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kiçi, orta we iri kärhanalary gurmagyň maksatnamasyny yzygiderli seljerip, kämilleşdirip, bu işleri Ministrler Kabineti bilen bilelikde alyp barmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Bu maksatnamanyň amala aşyrylmagy täze iş orunlaryny döretmäge, häzirki iş ýerlerini saklap galmaga mümkinçilik berer. Garaşsyzlyk ýyllarynda, ylaýta-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň maksatnamalary kabul edildi we şunuň bilen bagly täze maksatnamalary düzmek boýunça işler hem alnyp barylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hususy gurluşyk kärhanalarynyň gurup, ulanmaga berýän desgalarydyr binalary hem giň möçberli gurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Şu ýylda desgalaryň onlarçasyny ulanmaga bermek göz öňüne tutulyp, olaryň ençemesinde birleşmäniň agzalary buýrujy bolup çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda hususy pudagyň kärhanalaryna iň iri we örän jogapkärli, ykdysady ähmiýetli taslamalary amala aşyrmagy ynanýar. Aşgabat — Türkmenabat awtobany, Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkezi sebitde amala aşyrylýan has iri taslamalardyr. Ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýollaryň we köprüleriň gurulmagy ulag-logistika mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak babatda iňňän wajypdyr. Aşgabat — Türkmenabat awtobany döwrüň ýokary talaplaryna laýyk geler, ol halkara üstaşyr ulag düzümini giňelder, goňşy ýurtlaryň arasynda haryt dolanyşygynyň amala aşyrylmagyna giň şertleri döreder. Ýokary tizlikli halkara ýol goňşy ýurtlara, olaryň üsti bilen Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli köpugurly ulag ýollaryna birikmäge mümkinçilik berer. Ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmekde, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmekde, olary gaýtadan işlemekde hem-de bu ugurda ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda TSTB-niň agzalary giň gerimli işleri durmuşa geçirýärler. Milli Liderimiziň «Telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň satyn alýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bahalaryny maliýeleşdirmek hakynda» Karara gol çekmegi pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge giň mümkinçilik döretdi. Oňa laýyklykda, oba hojalygynda iş alyp barýan hususyýetçileriň ýüzlerçesi ýeňillikli şertler esasynda «John Deere» kompaniýasynyň iň kämil tehnikalarynyň eýeleri boldular. Hususyýetçiler söwda we hyzmatlar ulgamyna sanly tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmakda-da görelde görkezýärler. Soňky ýyllarda birnäçe internet-söwda sahypalarynyň açylmagy, ilata eltip bermek hyzmatynyň ýola goýulmagy döwrebap amatlyklary üpjün edýär. Şulardan görnüşi ýaly, türkmen telekeçileri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna mynasyp sowgatly barýarlar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hususyýetçilikde gazanylýan üstünlikler biri-birine ulaşyp, türkmen telekeçileriniň Gahryman Arkadagymyzyň ynamyny ödemek ugrunda ukyp-başarnyklaryny, yhlasly zähmetlerini gaýgyrmaýandyklaryna şaýatlyk edýär. Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegine 13 ýyl bolýar. Şu mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň 17-18-nji martda geçiriljek sergisiniň hem-de Birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň netijeleri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, kömek-goldawlary netijesinde, hususy pudagyň depginli ösüşlere beslenýändigine doly şaýatlyk eder. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen sergide senagat, oba hojalygy, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleri, gaýtadan işleýän we azyk senagaty, ulag, logistika, syýahatçylyk, bilim, söwda hem-de hyzmatlar, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ýaly ugurlarda ýöriteleşen hususy kärhanalar öz gazanan üstünlikleri bilen çykyş ederler. Döwlet Baştutanymyzyň «Telekeçileriň alyp barýan işleri Türkmenistanyň ählumumy ykdysady ulgama goşulyşmagyna ýardam etmelidir hem-de işleriň öňdebaryjy usullaryndan ugur almalydyr, şol sebäpli hem döwletimiz geljekde-de kiçi we orta telekeçiligi işjeň goldar, milli ykdysadyýetimizde onuň ornunyň giňeldilmegine ýardam berer» diýen sözleri bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ýurdumyzda telekeçiligiň pajarlap ösmegi babatda döredip berýän şertleri üçin milli Liderimize sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! Bütin dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň berkarar bolmagy ugrunda alyp barýan dünýä nusgalyk işleri hemişe uly rowaçlyklara beslensin!

Saparmyrat OWGANOW