Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние добавленные

  • “Ýaş telekeçiler” merkeziniň telekeçilik işi boýunça nobatdaky sapagy geçirilýär.

    2024-nji...

  • “Ýaş telekeçiler” merkeziniň telekeçilik işi boýunça nobatdaky sapagy geçirilýär.

    2024-nji...

  • Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem şäheriň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!

    Aşgabat...

  • “Ýaş telekeçiler” merkeziniň telekeçilik işi boýunça nobatdaky sapagy geçirilýär.

    2024-nji...

  • “Ýaş telekeçiler” merkeziniň telekeçilik işi boýunça nobatdaky sapagy geçirilýär.

    2024-nji...

  • Dowamy

Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem şäheriň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Büzmeýin etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde 2023-nji ýylyň 05-nji iýulynda S.Türkmenbaşy şaýolynyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara-binasynda, sagat 09.00-dan -12.00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändiklerini habar berýär! Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini; Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris. Habarlaşmak üçin biziň salgymyz we telefonlarymyz: Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi Seýitnazar Seýdi köçesiniň 3-nji jaýy tel: 92-14-56 Bagtyýarlyk etraby Bekrewe köçesiniň 25-nji jaýy tel: 37-46-68 Berkararlyk etraby Bekrewe köçesiniň 25-nji jaýy tel: 37-46-67 Büzmeýin etraby Oguzhan köçesiniň 8-nji jaýy tel: 33-12-69 Köpetdag etraby Seýitnazar Seýdi köçesiniň 3-nji jaýy tel: 92-15-26 Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy S.Türkmenbaşy şaýolynyň 81-nji jaýy tel: 22-74-07

TSTP