Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 04-nji iýulynda S.Türkmenbaşy şaýolynyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara-binasynda, ýagny sagat 09.00-dan-12.00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeli;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy
(S.Türkmenbaşy şaýolynyň 81-nji jaýy) tel: 22-74-07
Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi
müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi
(Aşgabat şäher häkimliginiň gulluklarynyň binasy) tel: 39-34-56, 39-34-64
TSTP