Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GARAŞSYZLYK DÖWLETIŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BERK BINÝADY

    Türkmenistanyň...

  • HALK MASLAHATYNDA BELLENILEN BELENT SEPGITLER

    Golaýda...

  • TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 35 ÝYLLYGY: BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ WE DABARALANMALARYŇ ÝOLY

    Daşoguz...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ UMUMY OKUW SAPAGY — ÝAŞ NESLIŇ WATANÇYLYK WE AHLAK MEKDEBI

    Türkmenistanyň...

  • YLYM – BILIM BAGTYÝARLYGYŇ HEM-DE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞYDYR

    Golaýda...

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - ATA-BABALARYMYZDAN GELÝÄN ASYLLY ÝÖRELGÄNIŇ DOWAMY BOLDY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap komitetiniň gurnamagynda, Telekeçi A.Joraýewiçiň «Her gün» haryt nyşanly süýt we süýt önümleriniň önümçilik kärhanasynda, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty - ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgäniň dowamy boldy» atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi.  

Çäräniň dowamynda çykyş edenler türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň nyşany bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisi uly üstünlikler bilen geçirildi. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýokary guramaçylykda geçirilen Halk Maslahaty jemgyýet bilen döwletiň arasynda berk köpri bolup, ykdysady, syýasy we jemgyýetçilik ösüşleriniň esasy ugruny kesgitleýän möhüm syýasy waka hökmünde uzak geljegi nazarlaýar. Döwlet baştutanymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisinde «Biz gel­jek­de hem ki­çi, or­ta we iri te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­me­gi do­wam et­di­re­ris» diýmegi bolsa,  türkmen telekeçilerini ýene-de täze üstünliklere ruhlandyrdy diýip buýsançly belläp geçdiler hem-de halkymyzyň asuda, parahat durmuşda bolelin ýaşamagy ugrunda uly aladalary edýän, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň  sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler. 

TSTP