Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

Hormatly Prezidentimiziň taglymaty - döwletimiziň demokratik we hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň edara binasynda “Hormatly Prezidentimiziň taglymaty - döwletimiziň demokratik we hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek” atly maslahat geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ata Watanymyz Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Durmuşymyzyň ähli ugurlarynda uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär.Munuň özi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün edip, täze belentliklere ýol açýar. Bu ösüşleriň kämil hukuk binýadyna esaslanýandygyny aýratyn belläp geçmek gerek. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz taglymatyndan kemal tapan bagtyýar durmuşymyz häzirki ajaýyp zamanamyzda barha rowaçlanýar. Arkadagly Serdarymyzyň ýadawsyz aladalary bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady özgertmeler ýokary depginler bilen üstünlikli amala aşyrylýar we olar milli kanunçylygymyzda berkidilýär. Ygtybarly kanunçylyk binýady adalat jemgyýetimizi, demokratik hem-de hukuk döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy daýanjydyr. Şonuň üçinem ýurdumyzyň kanunçylyk hukuk ýörelgelerini öňdebaryjy halkara tejribe esasynda yzygiderli kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Munuň özi bu ulgamda durmuşa geçirilýän işlerde aýdyň görünýär. Berkarar Watanymyzyň her gününi ösüşlere besläp, halkymyzyň baky bagtyýarlykda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

TSTP