Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

Zeminiň görki siz, mährem zenanlar!

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli işewür zenanlaryň arasynda “Zeminiň görki siz, mährem zenanlar!” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. 

Mylaýym häsiýeti, çeper hünäri, wepadarlygy, pähim-paýhasy, zyýada görk-görmegi we gözelligi bilen dünýäni haýran eden türkmen zenanlarynyň mertebesi elmydama beýikdir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda umumadamzat bähbitli taslamalary, ägirt uly özgertmeleri durmuşa geçirýän täze eýýamda mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň sylag-hormat, mertebesi beýikdir. Çünki, mähriban enelerimiz, edepli-ekramly, mylaýymzada gelin-gyzlarymyz türkmen durmuşynyň gülleridir, türkmen toýlarynyň bezegidir, ojaklarymyzyň alawy, öýlerimiziň çyragydyr. Mähriban enelerimiziň dogaýy sözleri perzent üçin tumardyr, durmuşyň uzak menzillerinde şamçyragdyr. Zenanlarymyzyň diňe-bir maşgala ojagynyň goraýjylary bolman, eýsem, ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekip, hususy ulgamda hem öz mynasyp orunlaryny tapýarlar.

Işewür zenanlar häzirki döwürde täze durmuşyň gurluşyna ägirt uly goşant goşýarlar. Bu ugurda döwlet we jemgyýet tarapyndan hemmetaraplaýyn uly goldaw berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda döredilýän ähli mümkinçilikleri üçin telekeçi zenanlaryň alkyşlary çäksizdir.

Baýramçylyk çäresi Türkmen Milli konserwatoriýasynyň aýdymçy-sazandalar toparynyň ýerine ýetirmeginde şowhunly aýdym-sazlary bilen utgaşyp gitdi. Halkara zenanlar güni mynasybetli işewür zenanlara sowgatlar gowşuryldy. 

Çäräniň ahyrynda Zenanlarymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de mynasyp zähmet çekmegi ugrunda bimöçber aladalar edýän Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP