Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty türkmen demokratiýasynyň ajaýyp nusgasydyr

2022-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde guramagynda “Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty türkmen demokratiýasynyň ajaýyp nusgasydyr” atly maslahat geçirildi.

Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da edi­len çykyş­lar­da “Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eýýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dysa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­nama­syn­da”, şeý­le-de “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dürme­giň Mak­sat­na­ma­syn­da” kes­git­le­nen we­zi­pe­le­re la­ýyk­lyk­da, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň hem-de jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­my­zyň äh­li ugur­la­ry­ny gur­şap al­ýan iş­ler, gu­wan­dyry­jy ne­ti­je­ler ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin bel­le­nil­di. Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň baştutan­ly­gynda ge­çi­ri­len Döw­let Mas­la­ha­ty döw­le­timi­ziň ber­ka­rar­ly­gy­nyň mi­ze­mez­di­gi­niň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň da­şyn­da berkden-berk je­bis­le­şen hal­ky­my­zyň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si­niň do­wa­mat-do­wam­dy­gy­nyň, türk­men hal­ky­na we döw­le­ti­ne tä­ze eýýam­da tä­ze sep­git­le­riň, tä­ze tu­tum­la­ryň we ösüş­le­riň ga­raş­ýan­dy­gy­nyň, şo­la­ra ýet­me­giň göz­ba­şyn­da bol­sa hal­kyň agzy­bir­li­gi­niň, ýur­duň pa­ra­hat­çy­ly­gy­nyň dur­ýan­dy­gy­nyň öz­bo­luş­ly su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di. Döw­let Mas­la­ha­tyn­da Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň eden ta­ry­hy çy­ky­şy bol­sa bu şan­ly wa­ka şa­ýat bo­lan­la­ryň äh­li­si­niň kal­byn­da eg­sil­mez ho­şal­lyk hem ka­nagat­lan­ma duý­gu­la­ry­ny, be­lent sep­git­le­re ýet­mek­li­ge my­na­syp go­şant goş­mak höwe­si­ni, hy­ju­wy­ny art­dyr­dy. 

Mas­la­hat­da çy­kyş eden­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Döw­let Mas­la­ha­tyn­da eden ta­ry­hy çy­ky­şyn­dan: “Biz gel­jek­de adamla­ryň öz-özi üçin iş ýer­le­ri­ni dö­red­ýän, uly bol­ma­dyk möç­ber­ler­de önüm ön­dür­ýän, hyz­mat­la­ry ed­ýän ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­le­re sal­gyt gol­da­wy­ny ber­mek, ýe­ňil­lik­li bel­li­ge al­mak we yg­ty­ýar­na­ma ber­mek bi­len, tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne, ha­ryt-söwda do­la­ny­şy­gy­nyň çalt­lan­dy­ryl­ma­gy­na, sal­gyt­lar­dan ge­lip go­wuş­ýan se­riş­de­le­riň art­dy­ryl­ma­gy­na oňaý­ly şert­le­ri dö­red­ýän ul­ga­my ös­dür­me­li­di­ris” di­ýen söz­le­ri­ni buý­sanç bi­len bel­le­di­ler. 

Mas­la­ha­tyň ahy­ryn­da oňa gat­na­şan­lar Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ady­na al­kyş söz­le­ri­ni aýtdy­lar.

TSTP