Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň edara binasynyň Mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli “Dostluk we parahatçylyk, sport we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanmagy” atly maslahat geçirildi.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda halkymyzyň bolelin, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, jemgyýetimiziň mizemez esasy bolan maşgala ojaklarynyň mäkämligini, watansöýüji, sagdyn we berk bedenli ýaşlaryň kemala gelmegini üpjün etmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýandygyny belläp, Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň saglygynyň goralmagyny döwlet derejesindäki ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde kesgitleýändigini nygtap, bu babatda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmeginiň uzak möhletleýin umumy milli maksatnamalary işlenilip düzülýändigi dogrusynda gürrüň etdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar dünýäde sport döwleti diýlip ykrar edilen Berkarar Türkmenistan döwletimizi ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
TSTP