Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy türkmen halkynyň beýik we synmaz sütünleridir

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gurnamagynda partiýanyň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy türkmen halkynyň beýik we synmaz sütünleridir” atly maslahat geçirildi.

Maslahata gatnaşyjylar öz eden çykyşlarynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň mundan 30 ýyl ozal kabul edilen Konstitusiýasy diňe bir Garaşsyzlygyň gazananlaryny berkitmek bilen çäklenmän, türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitlidigini belläp, döwletimiziň mizemez hukuk binýady bolmak bilen, Konstitusiýa halkymyzyň agzybirlik, demokratiýa, ynsanperwerlik, watançylyk hem-de adalatlylyk baradaky arzuwlarynyň beýany bolup durýandygyny nygtadylar. Şeýle hem ýurdumyzyň Esasy Kanuny döwlet gurluşynyň iň gowy milli we dünýä tejribesini, umumadamzat gymmatlyklarynyň ýörelgelerini özünde jemläp, öz esasy aýratynlyklaryny saklamak bilen bir hatarda, çeýe hukuk guraly bolup durýandygy, döwrüň talaplaryny hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny hasaba almak bilen yzygiderli kämilleşdirilýändigi barada gürrüň etdiler.

Çykyş edenler maslahatyň ahyrynda Hormatly Prezidentimiziň  il-ýurt bähbitli bütin adamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

TSTP