Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

Telekeçilige döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijeliligi

         Şu gün “Toprak” hojalyk jemgyýetiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, “Toprak” hojalyk jemgyýetiniň gumamagynda Hormatly Prezidentimiziň “Telekeçiler ýurduň altyn gaznasydyr!” diýen baş şygaryny baýdak edinýän türkmen hususyýetçileriniň arasynda “Telekeçilige döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijeliligi” atly maslahat geçirildi

Maslahatda çykyş edenler Garaşsyz ýurdumyzda telekeçilik ulgamyny ösdürmäge berilýän uly ünsüň ýokarydygyny belläp, daşary ýurtlardan getirilýän senagat önümleriniň ýerini tutýan önümleri öndürýän senagat kärhanalarynyň döredilmegi ugrundaky giň gerimli aladalaryň anyk nyşanyna öwrülendigini aýtdylar

Maslahatyň soňunda oňa gatnaşanlar hususy telekeçilere döredip berýän giň gerimli mümkinçilikleri üçin, hormatly Prezidentimize öz sag bolsunlaryny aýdyp, halk bähbitli, döwlet, halkara ähmiýetli amala aşyrýan ajaýyp işleriniň mundan beýläk hem rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. 

TSTP