2021-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat bölümi bilen bilelikde gurnamagynda birleşmäniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde milli amaly-haşam sungatynyň ajaýyp eseriniň – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň işläp bejeren kürtesiniň bu muzeýe gowşurylmagyna bagyşlanan dabara we bu waka mynasybetli “Kalbyň mähri siňen sungat” atly maslahaty geçirildi.
Çykyşlarda Hormatly Prezidentimiziň käbesiniň on barmagynyň hünäri bolan, inçelik bejerilen kürte Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýine ýarym asyr mundan ozal ýerine ýetirilen bu ajaýyp el işleriniň muzeýe gowşurmak dabarasynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň günine gabat gelmegi halkymyzyň durmuşynyň onuň milli mirasy bilen aýrylmaz baglanşyklydygyny aýdyň görkezmek bilen birlikde, Watanmyzyň döwletlilik binýadyny hem özünde jemlenilýändigini subut edýär. Çykyşlarda gelin-gyzlarymyzyň gadymdan gelýän milli ýol-ýörelgelerimize laýyklykda baýlaşdyrýan däp dessurlarynyň bu gün mynasyp dowam etdirilýändigi ýüze çykýar. Ogulabat ejäniň bejeren kürtesini muzeýe gowşurmagynyň ata-babalarymyzyň galdyran mirasyny gözüň göreji deý goraýan türkmenleriň dowamatlylygynyň saklanyp galmagyna hem-de milli gymmatlyklarynyň hataryndaky ruhy genji-hazynanyň geljekde hem giňden wagyz edilmegine ýardam berjekdigini biragyzdan bellediler we munuň üçin Ogulabat ejä taňryýalkasyn aýdyp, tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP