Şu gün Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramasynyň edara binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň guramagynda Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýerlerde halkymyz bilen geljek ýylyň şygaryny maslahatlaşmak maksady bilen maslahat duşuşygy geçirildi.
Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edip gelýän indi asylly däbe öwrülen her bir ýyla mynasyp atlandyrmak däbe öwrülendigini giňden belläp geçdiler. Bu ýörelgeler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge, dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge şert döredýär.
Täze ýylymyzda — 2025-nji ýylda bagtyýar halkymyz Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly dabaralar bilen belläp geçer. Bitaraplyk ýurdumyzyň naýbaşy baýramydyr, halkymyzyň beýik bagtydyr. Ata Watanymyzyň, halkymyzyň bu günki ýeten belent derejesi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we baky Bitaraplygymyzyň eçilen miwesidir. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz düýpli özgerdi we ösüşiň aýdyň ýoluna düşdi. Eziz Diýarymyzyň taryh üçin juda gysga wagtyň dowamynda tanalmaz derejede özgeren keşbine, täze gurlan döwrebap obalara, şäherçelere, şäherlere, iri we örän ähmiýetli önümçilik desgalaryna, şeýle-de durmuşyň ähli ugurlaryny galkyndyran ajaýyp işlere nazar aýlasaň buýsanjyň goşalanýar. Türkmenistan Watanymyzyň Ýer ýüzündäki şan-şöhraty arşa göterilip, dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň derejesine çykdy.
Şeýle döwletli-döwrana, eşretli günlere ýetiren Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýdýarys.
TSTP