Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

KÄMIL NESIL — WATAN KUWWATY

Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün beýik taryhy döwre gadam basyp, gurmak we döretmek ýoly bilen öňe barýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de durnukly we hemmetaraplaýyn ösdürmekde hem-de onuň dünýä giňişliginde eýeleýän öňdebaryjy ornuny pugtalandyrmakda döwletimiz ýaşlara bil baglaýar. Hormatly Prezidentimiz peder göreldesinden ugur alyp, ýaş nesillerimiz baradaky aladany mynasyp dowam etdirýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty olaryň sagdyn ösmegi hem-de kemala gelmegi üçin has oňaýly şertleri döretmäge, jemgyýetiň we döwletiň bähbidine ýaşlaryň aň-paýhas, döredijilik mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaga gönükdirilendir. Ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna mahsus bolan ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ynsanperwerlik, watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak hem-de höweslendirmek milli maksatnamalaryň esasy ugurlarydyr. Şol wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Onuň çäklerinde kämil, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn, öz halkynyň taryhyny, medeniýetini we däp-dessurlaryny hem-de mizemez maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen anyk çäreler görülýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, hünärmenleri ýakyn gatnaşykda bolup, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de ony ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrmaly çäreleriň Meýilnamasynyň» çäklerinde ýaşlary telekeçilik işine çekmekde birnäçe işleri alyp barýarlar. Ýaşlary telekeçilik işine höweslendirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde dürli ulgamlar üçin hünärmenleri taýýarlamak, ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini artdyrmak we telekeçilik düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, ylmy maslahatlar, okuw-usuly, ylmy-döredijilik duşuşyklary geçirilýär. Ýurdumyzyň ýaş neslini telekeçilik işine çekmek bilen bir hatarda, olara taryhy ösüşiň esasy maksatlaryny, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny düşündirmäge, häzirki döwürde ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň many-mazmunyny açyp görkezmäge uly üns berilýär. Halkymyzyň parahat, abadan, eşretli durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan beýik tutumlarynyň, özgertmeleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Aýna SARYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiriniň orunbasary