Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda möhüm taryhy wakalaryň şaýady bolýarys. Milli taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamak hem-de dünýä ýaýmak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmen alabaýlarynyň seçgiçilik işlerini ösdürmek, bu täsin tohumy has-da kämilleşdirmek degişli ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň möhüm bölegine öwrüldi. Alabaý itleri gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ahalteke bedewleri hem-de ajaýyp halylarymyz ýaly, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň hatarynda durýar. Olar türkmeniň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar hakynda düşünjeleriniň nyşanlaryna öwrülip, halkyň medeniýetiniň ähmiýetli bölegini düzýärler. Häzirki wagtda türkmen alabaýy dünýäde meşhur tohumlaryň biridir. Ýurdumyzyň seçgiçileriniň alyp barýan işleri hem-de türkmen alabaýynyň arassa ganlylygyny saklamagyň netijesinde, ol biziň günlerimize çenli özüniň asyl keşbini saklap geldi. Türkmen alabaý itleri dünýäniň goragçy tohum itleriniň hatarynda öňdäki orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, alabaýlaryň tapawutly aýratynlyklarynyň birini hem ýitirmezligi üçin olary hünär derejesinde köpeltmek zerurdyr diýip belläp geçmegi hem uly ähmiýete eýedir. Hemmämize mälim bolşy ýaly taryhda altyn harplar bilen ýazylan, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 23-ne Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi. Oňa saýlanan alabaýlaryň 20-si duýgurlygy, düşbüligi, daşky görnüşi, hüşgärligi bilen eziz Diýarymyzda milli mirasymyz bolan türkmen alabaýlarynyň sarpasynyň döwlet derejesinde has-da belende göterilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitaby taryhy mirasymyz bolan türkmen alabaýyny öwrenmekde, döwrebap esasda dikeltmekde hem-de wagyz etmekde çelgi bolup hyzmat edýär. Gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapylan köp sanly arheologiýa tapyndylary, şonuň ýaly-da gadymy golýazmalar bu tohumyň gadymylygyna hem-de gelip çykyşyna şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda bellenilişi ýaly, türkmen alabaýlaryny köpeltmegiň milli tejribesi, itşynaslygyň gadymy usullary olaryň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmäge mynasypdyr. Bu kitap türkmen halkynyň dünýä medeniýetine, adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine goşandyny açyp görkezýär. Soňky ýyllarda Aşgabadyň golaýynda ýerleşýän gadymy Paryzdepe ýadygärliginiň çäklerinde türkmen alabaýynyň antik döwre degişli heýkeljikleri tapyldy. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky Şähryslam ýadygärliginde türkmen alabaýynyň Beýik Seljuklar zamanasyna degişli kerpijiň ýüzüne basylan yzlary, Gökdepe etrabyndaky Şährihaýbar ýadygärliginden “Tazyguýruk” nagşy çekilen küýze bölegi, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky Ýasydepe ýadygärliginden türkmen alabaýynyň X asyra degişli heýkeli ýüze çykaryldy. Mundan başga-da, nepis sungat bolan türkmen halysyna çitilýän «Güjük yzy» nagşy ylmy taýdan öwrenilip, ol baradaky maglumatlar Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly täze döredilen žurnalynyň ilkinji sanynda ylmy dolanyşyga girizildi.
Türkmen alabaýlary köpeltmek ugurda halkara hyzmatdaşlyga ähmiýetli orun berilýär. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy — ÝUNESKO we beýleki iri guramalar, şol sanda daşary ýurtlaryň assosiasiýalary, şeýle hem dünýäniň dürli döwletlerinden ýuridik şahslar we hususy itşynaslar bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Şolaryň hatarynda alabaý tohum itlerini ösdürip ýetişdirmek işi hem bar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Alabaý ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygydyr, ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr» diýip belläp geçýär. Ençeme asyrlaryň dowamynda adamyň wepaly ýoldaşy we dosty, öýüniň goragçysy, kömekçisi bolan alabaýlar özleriniň ajaýyp gylyk-häsiýeti, edermenligi bilen halkymyzyň medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda, halk döredijiliginde we gündelik durmuşynda uly orun eýeledi. Türkmen alabaý itleri biziň milli buýsanjymyz we şöhratymyz bolan ahalteke bedewlerimiz hem-de arşyň nepisligi, Zeminiň janly rowaýaty bolan türkmen halylary ýaly milli gymmatlyklarymyzyň biridir. Türkmen alabaýlaryň eýesine wepalylygy, batyrlygy hem-de edermenligi bilen dünýäde giňden tanalýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan berýän hemaýat-goldawlarynyň netijesinde, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen itşynaslyk sungatyny gorap saklamak, ösdürmek, türkmen alabaýlaryny köpeltmek, olaryň seçgi-tohumçylyk işlerini alyp barmak we geljekki nesillere ýetirmek, şeýle hem ýaşlara türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmegiň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny öwretmek hem-de halypalyk etmek işlerine aýratyn saldamly goşant goşýan itşynaslarymyzy höweslendirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy», «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen hormatly atlar döredildi.
Ýurdumyzda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi bilen, geljekde bu itleri köpeltmek, olaryň tohum arassalygyny gorap saklamak, dünýä ýüzünde giňden wasp etmek boýunça biziň öňümizde birnäçe jogapkärli wezipeler durýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat şäherinde gurlan merkezlerde türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek hem-de köpeltmek; türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk-seçgi işlerini alyp barmak, kämilleşdirmek hem-de ylmy taýdan düýpli öwrenmek; ýurdumyzda we daşary ýurtlarda türkmen alabaýlarynyň sergilerini, bäsleşiklerini ýokary derejede geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Milli itşynaslygy ösdürmek babatyndaky giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu täsin tohumyň arassalygyny saklamaga, onuň müňýyllyklara uzap gidýän şöhratly taryhyny düýpli öwrenmäge ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary goldawy netijesinde, bu gün pederlerimizden miras galan, şonuň bilen baglanyşykly däpleri öwrenmek üçin örän uly mümkinçilikler bar.
Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýeňişleriň nyşany bolan türkmen alabaýlarynyň şöhratyny dünýä ýaýmakda uly işler amala aşyrylýar. Döwletimizi berkarar, durmuşymyzy bagtyýar eden Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň gadamlary batly, ýollary şöhratly bolsun, janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.